Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 24:4 - Mukaddes Kitap

4 Hudaýyň sözlerini eşidýän, Gudratygüýçlüden görnüş görýän, ýere ýüzin düşüp, gözüm bilen aýdyň görýän.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Худайың сөзлерини эшидйән, Гудратыгүйчлүден гөрнүш гөрйән, ере йүзин дүшүп, гөзүм билен айдың гөрйән.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 24:4
20 Iomraidhean Croise  

Şu wakalardan soň Ybrama görnüş arkaly Rebbiň sözi aýan boldy. Reb oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar».


Gün ýaşyp barýarka, Ybramy agyr uky basmarlady; onuň üstüne elhenç gorky howpy abandy.


Onsoň Mikaýa: «Men bütin ysraýyllary daglardaky çopansyz goýun sürüsi kimin dagynyk halda gördüm. Reb şeýle diýýär: „Bularyň baştutany ýok, olaryň hersi sag-salamat öýüne gaýtsyn“ diýdi».


Daş-töwerekdäki şöhläniň görnüşi ýagyşly gün bulutda peýda bolan älemgoşar kimindi. Bu Rebbiň şöhratynyň görnüşiniň keşbidi. Men muny gören badyma ýüzin ýykyldym we kimdir biriniň gepleýän sesini eşitdim.


Reb olara şeýle diýdi: «Meniň sözlerime gulak salyň: „Eger araňyzda pygamberler bar bolsa, Men-Reb görnüşlerde Özümi aýan edip, Olar bilen düýşde gepleşýärin.


Şol gije Hudaý Bilgama görnüp, oňa: «Eger bu adamlar seni çagyrmak üçin gelen bolsalar, sen olar bilen git, ýöne diňe Meniň aýdanlarymy edersiň» diýdi.


Mundan soň Reb Bilgamyň gözüni açdy. Ol eli syrylan gylyçly Rebbiň perişdesiniň ýolda durandygyny gördi. Bilgam tagzym edip, özüni ýüzinligine ýere goýberdi.


Onsoň Bilgam geljekden söz açyp, şeýle diýdi: «Begor ogly Bilgam sözleýär, gözi bilen aýdyň görýän diýýär.


Eý, Ýakup, çadyrlaryň ne ajap, eý, Ysraýyl düşelgeleriň ne gözel!


Ol ajykdy we bir zatlar iýesi geldi. Nahar taýýarlanýarka, oňa bir görnüş aýan boldy.


Petrus henizem bu görnüş barada oýlanyp otyrka, Mukaddes Ruh oňa: «Ine, üç adam seni gözläp ýör.


Iýerusalime dolanyp gelip, ybadathanada Hudaýa doga edip otyrkam, maňa bir görnüş aýan boldy.


Rebbiň gününde Oňa sežde edýärkäm, meniň üstüme Mukaddes Ruh indi. Onsoň men ýeňse tarapymda surnaýyňky ýaly güýçli bir ses eşitdim. Ol ses:


Men Ony gören badyma öli kimin aýaklaryna ýykyldym. Emma Ol elini egnime goýup, şeýle diýdi: «Gorkma! Ilkinji we Ahyrky Mendirin.


Ol hatda eşiklerini çykaryp, Şamuweliň öňünde pygamber ýaly joşdy we tutuş bir gije-gündizläp ýalaňaç süýnüp ýatdy. («Şawul hem pygamberleriň arasyndamy?» diýleni şondan galandyr.)


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan