Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 24:3 - Mukaddes Kitap

3 Onsoň ol geljekden söz açyp, şeýle diýdi: «Begor ogly Bilgam sözleýär, gözi bilen aýdyň görýän diýýär,

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Онсоң ол гелҗекден сөз ачып, шейле дийди: «Бегор оглы Билгам сөзлейәр, гөзи билен айдың гөрйән диййәр,

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 24:3
9 Iomraidhean Croise  

Onsoň Mikaýa: «Men bütin ysraýyllary daglardaky çopansyz goýun sürüsi kimin dagynyk halda gördüm. Reb şeýle diýýär: „Bularyň baştutany ýok, olaryň hersi sag-salamat öýüne gaýtsyn“ diýdi».


Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, gögüň ähli goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda ýakyn duranyny gördüm.


Eýýup sözüni dowam edip, şeýle diýdi:


Mundan soň Reb Bilgamyň gözüni açdy. Ol eli syrylan gylyçly Rebbiň perişdesiniň ýolda durandygyny gördi. Bilgam tagzym edip, özüni ýüzinligine ýere goýberdi.


Bilgam indi boljak zatlardan habar berip, şeýle diýdi: «Eý, Sipor ogly Ballak, oýan-da, maňa gulak goý.


Onsoň Bilgam Hudaýdan gelen aýanlygy habar berip, şeýle diýdi: «Mowap patyşasy Ballak meni gündogardaky daglardan, Siriýa ýurdundan getirip, şeýle diýdi: „Gel, meniň üçin Ýakuby näletle, gel-de, Ysraýyla garga!“


Onsoň Bilgam geljekden söz açyp, şeýle diýdi: «Begor ogly Bilgam sözleýär, gözi bilen aýdyň görýän diýýär.


Hudaýyň sözlerini eşidýän, Beýik Hudaýdan bilim alýan, Gudratygüýçlüden görnüş görýän, ýere ýüzin düşüp, gözüm bilen aýdyň görýän.


Hudaýyň sözlerini eşidýän, Gudratygüýçlüden görnüş görýän, ýere ýüzin düşüp, gözüm bilen aýdyň görýän.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan