Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 24:24 - Mukaddes Kitap

24 Emma Kitimden gämiler gelip, Aşur bilen Eberi gulçulykda ezerler, olaryň yzy hem müdimilik ýiter».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

24 Эмма Китимден гәмилер гелип, Ашур билен Эбери гулчулыкда эзерлер, оларың ызы хем мүдимилик йитер».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 24:24
24 Iomraidhean Croise  

Ýawanyň nesilleri: Elişa, Tarşyş, Kitim we Dodanym.


Gaçyp gutulanlardan biri gelip, bolan wakany Ybram ýewreýe habar berdi. Şol wagtlar Ybram Eşkol bilen Aneriň dogany amor Mamräniň dub tokaýjygynyň gapdalynda ýaşaýardy. Olar Ybramyň arkadaşlarydy.


Reb Sion dagynda we Iýerusalimde ähli işini gutaranda şeýle diýer: «Aşur patyşasyny tekepbir ýüregine, gedem bakyşyna görä jezalandyraryn».


Dat günüňe, Aşur! Ol gaharymyň hasasydyr! Elindäki taýagydyr gazabym!


Sur hakyndaky pygamberlik: Eý, Tarşyş gämileri, Sur weýran boldy, perýat ediň! öýsüz-öwzarsyz galdy ol. Kiprden size habar geldi.


Kürekleriňi Başan dublaryndan etdiler; tagtalaryňy Kipr adasynyň serwi agajyndan ýasap, piliň dişi bilen bezediler.


Soňra ol maňa şeýle gürrüň berdi: «Meniň näme üçin seniň ýanyňa gelendigimi bilýärsiňmi? Indi men pars serdary bilen söweşmäge yzyma dolanmaly. Men gidenimden soň, Gresiýanyň serdary geler.


Kitim gämileri oňa garşy çykar. Onsoň ol ruhdan düşüp, yzyna öwrüler. Ol gazap atyna atlanyp, mukaddes ähte garşy hereket eder we mukaddes ähte hyýanat edenlere hormat goýar.


Ol öz şalyk çadyrlaryny deňiz bilen owadan mukaddes dagyň arasynda diker. Emma onuň ömrüniň soňy geler, oňa kömek eden tapylmaz».


Soňra demir, toýun, bürünç, kümüş we altyn harman jaýdaky saman ýaly kül-peýekun boldular. Şemal olary pytradyp taşlanda, olaryň yzy-sory galmady. Emma heýkele urlan daş beýik daga öwrülip, bütin ýer ýüzüni doldurdy.


Seniň özüňiň görşüň ýaly, adam eli degmezden dagdan gopan daş demri, bürünji, toýny, kümşi we altyny çym-pytrak etdi. Beýik Hudaý mundan soň nämeleriň boljagyny patyşa aýan etdi. Bu düýş dogrudyr we onuň ýorgudy-da hakykatdyr!»


Erkeç bolsa Gresiýanyň patyşasydyr. Onuň iki gözüniň ortasyndaky uly şahy bolsa onuň ilkinji patyşasydyr.


Soňra ol amaleklere seredip, sözüni şeýle dowam etdi: «Amalek milletleriň naýbaşysydy, emma onuň yzy müdimilik ýiter».


Bilgam ýene-de sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Hudaý bulary amal edende, ýaşajak adamlaryň dat gününe!


Şonuň üçin hem weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň mukaddes ýerde dikilenini göreniňizde, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna okyjy dogry düşünsin.


«Maňa salgyt puluny görkeziň. Bu teňňedäki şekil bilen ýazgy kimiňki?» diýdi. Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler.


Muňa ýol bersek, onda hemmeler Oňa iman eder. Rimliler hem gelip, ybadathanamyzy we halkymyzy ýok ederler» diýdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan