Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 24:20 - Mukaddes Kitap

20 Soňra ol amaleklere seredip, sözüni şeýle dowam etdi: «Amalek milletleriň naýbaşysydy, emma onuň yzy müdimilik ýiter».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

20 Соңра ол амалеклере середип, сөзүни шейле довам этди: «Амалек миллетлериң найбашысыды, эмма онуң ызы мүдимилик йитер».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 24:20
18 Iomraidhean Croise  

Timna Ysawyň ogly Elipazyň gyrnak aýalydy. Ol Elipaza Amalegi dogrup berdi. Bular Ysawyň aýaly Adadan bolan nesilleridir.


Olar amalekleriň gaçyp, diri galanlaryny gyrdylar; olar şu güne çenli şol ýerde ýaşap gelýärler.


Şu wakalardan soň Kserks patyşa agak tiresinden bolan Hammedatanyň ogly Hamanyň wezipesini beýgeldip, ony öz ýanyndaky emeldarlaryň ählisinden ýokarda goýdy.


Şeýdip, patyşa munuň şeýle edilmegine buýruk berdi. Suzada perman çykarylyp, Hamanyň on ogly dardan asyldy.


Reb Musa: «Bu ýeňşi ýatdan çykarmazlary ýaly kitaba ýaz we Ýeşuwa hem eşitdirip aýt, Men amalekleriň tohum-tijini ýer ýüzünden süpürip taşlajakdyryn» diýdi.


Ol: «Elim Rebbiň tugunda! Reb amalekleriň garşysyna nesiller boýy söweşer» diýdi.


Soňra amalekler gelip, Repidimde ysraýyllar bilen söweşdi.


Ýakup neslinden bolan biri höküm sürer, galada diri galanlaryň baryny gyrar».


Emma Kitimden gämiler gelip, Aşur bilen Eberi gulçulykda ezerler, olaryň yzy hem müdimilik ýiter».


Ysraýyl meşiginden suwlar çogar. Tohumlary bol suw bilen suwarylar. Onuň patyşasy Agakdan-da beýik bolar. Patyşalygy bolsa has-da beýgeler.


Ysraýyllar ýere tohum sepip, ekişe başlanlarynda, midýanlar, amalekler we gündogar halklar olaryň üstüne çozardylar.


Mertlerçe söweşip, amalekleri gyrdy, ysraýyly talaňçylaryň howpundan dyndardy.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men amalekleri jezalandyrjak, çünki olar ysraýyllar Müsürden gelýärkäler, ýolda olara garşy boldular.


Dawut bilen onuň adamlarynyň Ziklaga gelenlerine üç gün diýende, amalekler Negep çölüne, ylaýta-da Ziklag galasynyň üstüne çozuş etdiler. Olar Ziklagy basyp aldylar we ýakyp-ýandyrdylar.


Dawut daň agarandan tä agşama çenli olary gyrdy. Düýeli gaçan dört ýüz ýigitden başga ýekeje adam-da onuň elinden gutulyp bilmedi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan