19 Ýakup neslinden bolan biri höküm sürer, galada diri galanlaryň baryny gyrar».
19 Якуп неслинден болан бири хөкүм сүрер, галада дири галанларың барыны гырар».
Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.
Şol gün Ýyşaýyň köki halklara nyşan bolar; milletler Oňa ýüz tutarlar, Onuň mesgeni şöhratly bolar.
Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.
Ol gelip, Rebbiň güýji bilen, Hudaýy Rebbiň ajaýyp ady bilen bakar sürini. Olar asuda ýaşarlar; bütin dünýä ýaýrar beýikligi onuň.
Edom eýeleniler, Segir öz duşmanlarynyň mülküne öwrüler. Ysraýyl bolsa has kuwwatlanar.
Soňra ol amaleklere seredip, sözüni şeýle dowam etdi: «Amalek milletleriň naýbaşysydy, emma onuň yzy müdimilik ýiter».
Bular ebedi jeza, dogry adamlar bolsa baky ýaşaýşa gowşarlar».
Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi.
Isa şonuň üçin şeýle diýdi: «Bir begzada şalyk sürmäge ygtyýarlyk almak üçin, bir uzak ýurda ýola rowana bolýar.
Üstlerinden patyşalyk etmegimi islemeýän duşmanlarymy bolsa, şu ýere getiriň-de, gözümiň alnynda öldüriň“ diýip jogap berýär».
Çünki Hudaý Isa Mesihiň ähli duşmanlaryny Onuň aýak astyna salýança, Mesih şalyk sürmelidir.
Emma Ogla şeýle diýýär: «Eý, Hudaý, Seniň şalygyň dowam eder baky ebedi, Seniň şalyk hasaň – adalatlylyk hasasy.
Isa Mesih göge çykyp, Hudaýyň sagynda oturdy, ähli perişdeler, ygtyýarlylar we güýçler Oňa tabyn boldy.
Onuň donunda we budunda «ŞALARYŇ ŞASY, TAŇRYLARYŇ TAŇRYSY» diýen at ýazylgydy.