Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 24:18 - Mukaddes Kitap

18 Edom eýeleniler, Segir öz duşmanlarynyň mülküne öwrüler. Ysraýyl bolsa has kuwwatlanar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

18 Эдом эеленилер, Сегир өз душманларының мүлкүне өврүлер. Ысрайыл болса хас кувватланар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 24:18
15 Iomraidhean Croise  

Halklar saňa hyzmat etsinler, il-uluslar saňa boýun egsinler. Baştutan bol sen öz doganlaryňa, doganlaryň saňa boýun egsinler. Seni näletlän, näletlensin, seni ýalkan, ýalkansyn!»


Gylyjyňa daýanyp ýaşarsyň, doganyňa hyzmat edersiň. Wagt geler, garşylyk görkezersiň. Onuň zulumyndan dynarsyň».


Ýakup Edom ýurdunyň Segir diýilýän ýerine, dogany Ysawyň ýanyna habarçy ýollap: «Meniň jenabym Ysawa şeýle diýiň» diýip, öz habarçylaryna şu sözleri aýtmaklygy buýurdy: «Seniň guluň Ýakup şeýle diýýär: „Men Labanyňkyda şu wagta çenli gelmişek bolup ýaşadym.


Ol Edomyň ähli ýerinde goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Ähli edomlylar Dawuda tabyn boldular. Dawudyň giden ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.


Soňra Reb edomly Hadady Süleýmana duşman etdi. Ol Edomda patyşa neslindendi.


Çünki Dawut Edomdaka, goşunbaşy Ýowap öldürilenleri jaýlamaga gidip, Edomdaky erkekleriň ählisini gyrypdy. Ýowap we bütin ysraýyllar Edomdaky erkekleriň ählisini gyrýançalar, alty aýlap şol ýerde galypdylar.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.


Gylyjym göklerde gandan gandy, ine, gylyjym Edomyň üstüne, bütinleý ýok etjek halkymyň üstüne jeza üçin iner.


Edomdan, Bosradan gyrmyzy eşikli gelýän bu kim? Şöhratly lybas içinde beýik gudrat bilen ýöriş edýän bu kim? «Dabara bilen gepleýän, halas etmäge güýji ýetýän Mendirin!»


Şol gün Men Dawudyň ýykylan çadyryny dikelderin, böwsülen böwürlerini bejererin, weýran bolan ýerlerini oňaryp, gadym döwürdäki ýaly ederin.


Şeýdip, ysraýyl halky Edomyň aman galanlaryna, Maňa degişli bolan ähli milletlere eýelik eder. Muny şu işi bitirýän Hudaýyňyz Reb aýdýandyr.


Edom, Men seni halklaryň arasynda iň pesi ederin sen bütinleý ryswa bolarsyň.


Emma edomlylar şeýle jogap berdiler: «Ýurdumyzyň içinden geçmersiňiz, eger geçjek bolup synanyşaýsaňyz gylyç alyp, garşyňyza çykarys».


Ýakup neslinden bolan biri höküm sürer, galada diri galanlaryň baryny gyrar».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan