Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 24:14 - Mukaddes Kitap

14 Ine, indi men öz ilime gaýtmankam, bu ysraýyl halkynyň geljek günlerde seniň halkyňa nämeler etjekdigi bilen seni habardar edeýin» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Ине, инди мен өз илиме гайтманкам, бу ысрайыл халкының гелҗек гүнлерде сениң халкыңа нәмелер этҗекдиги билен сени хабардар эдейин» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 24:14
16 Iomraidhean Croise  

Ýakup öz ogullaryny çagyryp, olara: «Ýanyma ýygnanyşyň, men geljek günlerde size nämeleriň garaşýandygyny aýdyp bereýin» diýdi.


Ýerzemine tussag kimin toplanarlar, zyndana gabalarlar, birnäçe günden soň jezalandyrylarlar.


Emma ahyrky günlerde Men Mowabyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin“. Muny Reb aýdýandyr. Ine, Mowabyň jezasy şu ýerde gutarýar».


Ýöne ahyrky günlerde Eýlamyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr“».


Men ahyrky günlerde seniň halkyňyň başyna nämeleriň geljegini saňa düşündirmäge geldim, çünki bu görnüş şol geljek döwre degişlidir».


Emma göklerde gizlin syrlary açýan Hudaý bar. Ahyrky günlerde näme boljagyny Nebukadnesar patyşa Ol bildirdi. Ýatyrkaň düýşüňde gören görnüşleriň şular bolmaly:


Eý, halkym, Mowap şasy Ballagyň saňa garşy niýetini, Begoryň ogly Bilgamyň oňa beren jogabyny, Şitimden Gilgala çenli bolan işleri ýadyňa sal! Şonda Men-Rebbiň halas ediş işlerimi bilersiň» diýýär Reb.


Men ony görýän, ýöne häzir däl, oňa bakýan, ýöne ýakyn däl. Ýakubyň neslinden ýyldyz dörär. Ysraýyldan bir şalyk hasasy göterilip, Mowabyň maňlaýyny ýarar, Şisleriň başyny mynjyradar.


Şondan soň Bilgam öýüne tarap ýola düşdi. Ballak hem öz ýoly bilen gitdi.


„Hudaý şeýle diýýär: Ahyrky günlerde şeýle bolar, Men ähli ynsanlaryň üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz, düýşler görer garrylaryňyz.


Eý, oglum, ahyrky günlerde elhenç pursatlaryň boljakdygyny bilip goý.


Ysraýyllar öz öldüren adamlarynyň arasynda Begor ogly Bilgamy hem gylyç bilen öldürdiler, ol palçylyk bilen meşgullanýardy.


Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.


Ýöne sende oňlamaýan käbir zatlarym bar. Siziň araňyzda Bilgamyň taglymatyna eýerýänler bar. Bilgam ysraýyl halkyny günäniň toruna salmagyň ýoluny Ballaga öwretdi. Şeýdip, ysraýyl halky buta berlen gurbanlygy iýip, zyna etdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan