Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 24:10 - Mukaddes Kitap

10 Onsoň Ballagyň kalbynda Bilgama garşy gazap ody tutaşdy. Ol ellerini şarpyldadyp, biri-birine urup, Bilgama şeýle diýdi: «Men seni duşmanlaryma nälet okatmak üçin çagyrypdym, sen bolsaň, eýýäm üç gezek olara ak pata berdiň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Онсоң Баллагың калбында Билгама гаршы газап оды туташды. Ол эллерини шарпылдадып, бири-бирине уруп, Билгама шейле дийди: «Мен сени душманларыма нәлет окатмак үчин чагырыпдым, сен болсаң, эййәм үч гезек олара ак пата бердиң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 24:10
15 Iomraidhean Croise  

Çünki olar ysraýyl halkyny çörek we suw bilen garşylaman, gaýtam, olary näletlesin diýip, Bilgamy hakyna tutdular. Ýöne Hudaýymyz näleti ýalkanyşa öwürdi.


Ýel olara el çarpyp, ýerinden sykylyk atýar».


«Eý, ynsan ogly, pygamberlik et we eliňi çarp. Goý, gylyç iki, hatda üç gezek çapsyn. Bu öldürýän gylyçdyr, köp sanly ynsanlary gyran, olary her ýandan gurşan gylyçdyr.


Men-de maňlaýyma uraryn, gahar-gazabym ýatyşar, muny Men-Reb diýdim».


Ine, eden haram gazanjyň we öz içiňde döken ganyň üçin Men elimi elime uraryn.


„Müsürden bir halk çykyp, bütin ýer ýüzüne ýaýrady. Sen gel-de, meniň haýryma olary näletle, belki şondan soň men olaryň garşysyna söweşip bilerin we kowup çykararyn“».


Çünki men seniň sylag-serpaýyňy ýetirip, göwnüňiň islän zadyny bitirerin. Sen diňe gel-de, meniň üçin şol halky näletle“».


Şonuň üçinem gelip, olary meniň haýryma näletle. Çünki olar menden güýçli, belki şondan soň men olary ýeňip, ýurtdan kowup çykaryp bilerin. Çünki seniň ýalkanyňyň ýalkanýandygyny, näletläniňiň bolsa näletlenýändigini men bilýärin» diýip habar iberdi.


Onsoň Ballak Bilgama: «Sen meni nädäýdiň? Duşmanlaryma nälet okasyn diýip, seni ýörite şu ýere getirtdim. Sen bolsa olara hiç zat etmän, gaýtam, olary ýalkaýarsyň!» diýdi.


Indi bu ýerden güm bol-da, öýüňe git! Men seni oňat sylaglajakdym, emma Reb saňa hiç bir sylagy rowa görmedi».


Ysraýyl edil arslan deý, ene şir deý ýatar. Kim ony turuzmaga milt eder? Çünki Ysraýyly ýalkan ýalkanar, näletlän näletlener».


Bu üç gezek gaýtalanyp, hemmesi ýene ýokary göge alyndy.


Ömrüňiziň bütin dowamynda hiç wagt olaryň salamatlygy we abadanlygy ugrunda çalyşmaň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan