Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 24:1 - Mukaddes Kitap

1 Bilgam Rebbiň ysraýyl halkyny ýalkamakdan hoşal bolýandygyny bildi. Şonuň üçin hem ol öňküsi ýaly palçylyk edip ýörmedi-de, göni çöle tarap tutdurdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Билгам Реббиң ысрайыл халкыны ялкамакдан хошал боляндыгыны билди. Шонуң үчин хем ол өңкүси ялы палчылык эдип йөрмеди-де, гөни чөле тарап тутдурды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 24:1
13 Iomraidhean Croise  

Bilgam ertesi turup, Ballagyň emeldarlaryna: «Öz ýurduňyza dolanyň, sebäbi Reb maňa siziň bilen gitmäge rugsat bermedi» diýdi.


Onsoň Mowabyň we Midýanyň ýaşululary ellerine nälet üçin töleg hakyny alyp, Bilgamyň ýanyna gitdiler we Ballagyň habaryny oňa ýetirdiler.


Bilgam Ballaga: «Men ol ýerde Reb bilen duşuşýançam, sen şu ýerde öz ýakma gurbanlyklaryň ýanynda dur» diýdi.


Ine, Ol maňa Ysraýyly ýalka diýip emr etdi. Hudaýyň Özi ýalkanda, men ony üýtgedip bilmeýärin.


Ýakuba hiç bir doga-jady täsir etmez, Ysraýylyň garşysyna täleý garanyň peýdasy ýokdur. Indi bolsa Ysraýyl we Ýakup hakda: „Gör, Hudaýyň eden zatlaryny!“ diýerler.


Onsoň Ballak Bilgamy alyp, çöle bakyp duran Pegor dagynyň depesine getirdi.


Soňra Bilgam Ballaga: «Sen bu ýerde öz ýakma gurbanlygyňyň ýanynda dur, men gideýin. Ähtimal, Reb maňa görner we Ol maňa näme diýse, men ony saňa ýetirerin» diýip, ol depä çykdy.


Onsoň Ballak edil Bilgamyň aýdyşy ýaly edip, her bir gurbanlyk sypasynyň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdi.


«Bu aýallar Bilgamyň maslahaty bilen Pegorda ysraýyllara Rebbe garşy dönüklik etdirdiler. Şonuň üçinem, Rebbiň halkynyň arasyna gyrgynçylyk aralaşdy.


Ýöne sende oňlamaýan käbir zatlarym bar. Siziň araňyzda Bilgamyň taglymatyna eýerýänler bar. Bilgam ysraýyl halkyny günäniň toruna salmagyň ýoluny Ballaga öwretdi. Şeýdip, ysraýyl halky buta berlen gurbanlygy iýip, zyna etdi.


Heý, duşmanyny ele salan adamam bir ony aman goýarmy?! Seniň maňa şu günki edeniňi Reb ýagşylyk bilen gaýtarar.


Şawul Ysraýylyň üç müň sany men diýen adamyny ýanyna alyp, Zip çölüne Dawudy tutmaga gitdi.


Şawul Dawuda şeýle diýdi: «Oglum, Dawut, Hudaý saňa ýar bolsun! Köp işler edersiň we hemişe işiň rowaç bolar». Soňra Dawut öz ýoluna gitdi, Şawul hem öz öýüne dolandy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan