Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 23:7 - Mukaddes Kitap

7 Onsoň Bilgam Hudaýdan gelen aýanlygy habar berip, şeýle diýdi: «Mowap patyşasy Ballak meni gündogardaky daglardan, Siriýa ýurdundan getirip, şeýle diýdi: „Gel, meniň üçin Ýakuby näletle, gel-de, Ysraýyla garga!“

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Онсоң Билгам Худайдан гелен аянлыгы хабар берип, шейле дийди: «Мовап патышасы Баллак мени гүндогардакы даглардан, Сирия юрдундан гетирип, шейле дийди: „Гел, мениң үчин Якубы нәлетле, гел-де, Ысрайыла гарга!“

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 23:7
31 Iomraidhean Croise  

Eýlam, Aşur, Arpakşat, Lut we Aram Samyň nesilleridir.


Sen Padanarama, babaň Betuweliň öýüne git-de, şol ýerde daýyň Labanyň gyzlaryndan birine öýlen.


Ysraýyla sögendigi üçin Dawudyň dogany Şimganyň ogly Ýonatan ony öldürdi.


Ondan soňra üç batyr ýigidiň biri ahowa urugyndan Dodonyň ogly Elgazardyr. Söweşmek üçin toplanyşan piliştlilere gyjalat berlende, ol Dawudyň ýanyndady. Ysraýyllar yza çekildiler,


Eýýup sözüni dowam edip, şeýle diýdi:


Eýýup sözüni dowam edip, şeýle diýdi:


«Ýygnaň ýanyma sadyklarymy – gurbanlyk arkaly äht baglaşanlarymy».


Seniň bendeleriňiň jesetlerini berdiler gök guşlaryna, Seniň sadyklaryňyň etini – ýeriň wagşy haýwanlaryna.


Serçäniň eýläk-beýläk uçuşy ýaly, garlawajyň uçup gidişi kimin, sebäpsiz näletem täsir etmez.


«Eý, ynsan ogly! Ysraýyl halkyna bir matal ber, bir tymsal aýt.


Onsoň men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Olar men hakda „Aý, ol özünden toslap tapýar-laý!“ diýişýärler» diýdim.


Şol gün sizi masgaralap ýaňsylarlar, siz şeýle agy aýdymyny aýdarsyňyz: „Büs-bütin weýran bolduk! Reb halkymyň mirasyny dagadýar. Ol muny elimden alýar! Ýerimizi haýynlara paýlaýar“».


Ýesirler olary ýaňsylap diýýärler: «Ogurlanan zatlary toplaýanyň dat gününe! Haçana çenli agyr girewleri öz üstüňe aljak?»


„Müsürden bir halk çykyp, bütin ýer ýüzüne ýaýrady. Sen gel-de, meniň haýryma olary näletle, belki şondan soň men olaryň garşysyna söweşip bilerin we kowup çykararyn“».


Çünki men seniň sylag-serpaýyňy ýetirip, göwnüňiň islän zadyny bitirerin. Sen diňe gel-de, meniň üçin şol halky näletle“».


Bilgam indi boljak zatlardan habar berip, şeýle diýdi: «Eý, Sipor ogly Ballak, oýan-da, maňa gulak goý.


Bilgam Ballagyň ýanyna gaýtdy. Ballak Mowabyň ähli emeldarlary bilen öz ýakma gurbanlyklarynyň ýanynda durdy.


Onsoň Bilgam geljekden söz açyp, şeýle diýdi: «Begor ogly Bilgam sözleýär, gözi bilen aýdyň görýän diýýär.


Onsoň ol keýnlere bakyp, şeýle diýdi: «Siziň mesgeniňiz howpsuz ýerde, ol gaýanyň depesindäki höwürtge deý amandyr.


Bilgam ýene-de sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Hudaý bulary amal edende, ýaşajak adamlaryň dat gününe!


Onsoň ol geljekden söz açyp, şeýle diýdi: «Begor ogly Bilgam sözleýär, gözi bilen aýdyň görýän diýýär,


Isa olara başga bir tymsaly-da gürrüň berdi: «Gögüň Şalygy hamyrmaýa meňzeýändir. Bir aýal üç kersen una birje bölek hamyrmaýa goşsa-da, tutuş hamyr çişýär».


Bu pygamber arkaly aýdylan şu sözüň berjaý bolmagy üçindi: «Men size tymsal aýdyp bereýin, dünýä ýaradylaly bäri gizlin galan syrlary beýan edeýin».


Bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňan ýahudylaryň baştutanlary Isany tutjak boldular. Ýöne halkdan gorkup, Ony galdyryp, öz ýollaryna gitdiler.


Sebäbi siz Müsürden çykyp gaýdanyňyzda, olar ýolda sizi duz-çörek we suw bilen garşy almadylar. Olar sizi näletlemek üçin, Mesopotamiýada Petor galasyndan bolan Begoryň ogly Bilgamy hakyna tutdular.


Piliştli: «Men bu gün ysraýyl goşunyna gyjalat berýärin. Meniň bilen tutluşar ýaly adam beriň» diýdi.


Guluň ýolbars-da, aýy-da öldürip gördi. Bu sünnetsiz piliştli hem şolaryň gününe düşer, çünki ol diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berdi».


Soňra Dawut piliştlä: «Sen meniň üstüme gylyçly, naýzaly we gamaly gelýärsiň, emma men seniň üstüňe seniň gyjalat beren Ysraýyl goşunynyň Hudaýy Hökmürowan Rebbiň adyndan gelýärin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan