Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 23:4 - Mukaddes Kitap

4 Hudaý Bilgam bilen duşuşdy we Bilgam Oňa: «Men ýedi sany gurbanlyk sypasyny taýýarladym we olaryň her biriniň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdim» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Худай Билгам билен душушды ве Билгам Оңа: «Мен еди саны гурбанлык сыпасыны тайярладым ве оларың хер бириниң үстүнде бир өкүз билен бир гочы гурбанлык бердим» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 23:4
12 Iomraidhean Croise  

Şol gije Hudaý Bilgama görnüp, oňa: «Eger bu adamlar seni çagyrmak üçin gelen bolsalar, sen olar bilen git, ýöne diňe Meniň aýdanlarymy edersiň» diýdi.


Hudaý Bilgama görnüp: «Seniň ýanyňdaky adamlar kim?» diýip sorady.


Onsoň Bilgam Ballaga: «Maňa şu ýerde ýedi sany gurbanlyk sypasyny gur-da, ýedi öküz bilen ýedi sany goçy taýýarlap goý» diýdi.


Reb Bilgama göründi we onuň agzyna söz salyp: «Ballagyň ýanyna baryp, şu zatlary aýt» diýdi.


Soňra Bilgam Ballaga: «Sen bu ýerde öz ýakma gurbanlygyňyň ýanynda dur, men gideýin. Ähtimal, Reb maňa görner we Ol maňa näme diýse, men ony saňa ýetirerin» diýip, ol depä çykdy.


Reb Bilgamyň agzyna aýtmaly sözlerini salyp: «Ballagyň ýanyna bar we oňa şulary aýt» diýdi.


«Bu iň soňky gelenler diňe bir sagat işlediler, biz bolsa, jöwzaly yssyda günuzyn agyr zähmet çekdik. Muňa garamazdan sen biziň zähmetimizi olaryňky bilen deň etdiň» diýýärler.


Men hepdede iki gezek agyz bekleýärin, ähli gazanjymyň ondan birini berýärin“ diýip doga okaýar.


Sizi sinagogalardan kowarlar. Şeýle bir döwür geler, sizi öldürmek bilen her bir kişi Hudaýa hyzmat edýändirin öýder.


Indi magtanara tutarygymyz galdymy? Asla galan däldir! Bu haýsy kanuna görä şeýle boldy? Parzlary berjaý edilmeli kanuna görämi? Ýok, iman kanunyna görä şeýle boldy.


Hiç kim ynsan tagallasy bilen halas boldum diýip öwünmesin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan