Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 23:3 - Mukaddes Kitap

3 Soňra Bilgam Ballaga: «Sen bu ýerde öz ýakma gurbanlygyňyň ýanynda dur, men gideýin. Ähtimal, Reb maňa görner we Ol maňa näme diýse, men ony saňa ýetirerin» diýip, ol depä çykdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Соңра Билгам Баллага: «Сен бу ерде өз якма гурбанлыгыңың янында дур, мен гидейин. Әхтимал, Реб маңа гөрнер ве Ол маңа нәме дийсе, мен оны саңа етирерин» дийип, ол депә чыкды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 23:3
16 Iomraidhean Croise  

Şol wagt Ybraýym başyny galdyryp, aňyrrakda gyrymsy agaçlaryň gür şahalaryna şahy çolaşan bir goçuň durandygyny gördi. Ybraýym baryp goçy tutdy we ony oglunyň deregine Rebbe ýakma gurbanlyk edip berdi.


Hudaý: «Ogluňy, ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň Yshagy al-da, Moryýa ýurduna bar we Meniň saňa görkezjek dagymyň üstünde Yshagy Hudaýa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür et» diýdi.


Nuh Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy; ol halal haýwanlardyr guşlaryň birnäçesini aldy-da, olary gurbanlyk sypasynyň üstünde goýup, Rebbe ýakma gurbanlyk berdi.


Musanyň gaýynatasy Ýitro Hudaýa ýakma gurbanlygyny we beýleki sadakalary berdi. Harun ähli ysraýyl ýaşululary bilen birlikde Musanyň gaýynatasy bilen Hudaýyň huzurynda nahar iýmäge geldi.


Reb Özüne ýüz tutulýan çadyrdan Musany çagyryp, oňa şeýle diýdi:


Bilgam oňa: «Men diňe seresaplylyk bilen Rebbiň agzyma salan sözlerini aýtmaýarynmy näme?» diýip jogap berdi.


Bilgam Ballaga: «Men ol ýerde Reb bilen duşuşýançam, sen şu ýerde öz ýakma gurbanlyklaryň ýanynda dur» diýdi.


Ballak Bilgamyň aýdyşy ýaly etdi. Onsoň Ballak bilen Bilgam her gurbanlyk sypasynda bir öküzi we bir goçy gurbanlyk berdiler.


Emma Bilgam Ballaga: «„Reb maňa näme diýse, men hem şony aýdaryn“ diýip, saňa aýtmadymmy näme?» diýip jogap berdi.


Hudaý Bilgam bilen duşuşdy we Bilgam Oňa: «Men ýedi sany gurbanlyk sypasyny taýýarladym we olaryň her biriniň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdim» diýdi.


Bilgam Rebbiň ysraýyl halkyny ýalkamakdan hoşal bolýandygyny bildi. Şonuň üçin hem ol öňküsi ýaly palçylyk edip ýörmedi-de, göni çöle tarap tutdurdy.


Bu gezek iblis Isany beýik bir dagyň çür başyna çykardy. Oňa dünýäniň ähli şalyklaryny we olaryň şan-şöhratyny görkezip:


Emma Men Bilgama gulak asmadym, şeýlelikde, ol ýene-de size ak pata berdi we Men sizi Ballagyň elinden halas etdim.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan