Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 23:26 - Mukaddes Kitap

26 Emma Bilgam Ballaga: «„Reb maňa näme diýse, men hem şony aýdaryn“ diýip, saňa aýtmadymmy näme?» diýip jogap berdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

26 Эмма Билгам Баллага: «„Реб маңа нәме дийсе, мен хем шоны айдарын“ дийип, саңа айтмадыммы нәме?» дийип җогап берди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 23:26
12 Iomraidhean Croise  

Mikaýa: «Rebden ant içýärin, Reb maňa näme diýse, men şony hem aýdaryn» diýdi.


Mikaýa: «Rebden ant içýärin, Hudaýym maňa näme diýse, men şony hem aýdaryn» diýdi.


Bilgam Ballagyň adamlaryna şeýle jogap berdi: «Ballak hatda öz öýündäki altyn-kümşüň baryny berse-de, men Hudaýym Rebbiň emrini bozup, hiç hili uly ýa-da kiçi iş edip bilmerin.


Bilgam Ballaga: «Ine, men seniň ýanyňa geldim! Mende näme bir zat aýtmaga güýç barmydyr? Men diňe Hudaýyň agzyma salan sözlerini sözlärin» diýdi.


Bilgam gelende, Ballak Mowabyň emeldarlary bilen öz ýakma gurbanlyklarynyň ýanynda durdy. Ballak ondan: «Reb näme diýdi?» diýip sorady.


Onsoň Ballak Bilgama: «Sen olary näletleme-de, ýalkama-da» diýdi.


Onsoň Ballak Bilgama: «Ýör, men seni başga bir ýere äkideýin, belki seniň olary şol ýerde näletlemegiň Hudaýyň göwnüne ýarar» diýdi.


Soňra Bilgam Ballaga: «Sen bu ýerde öz ýakma gurbanlygyňyň ýanynda dur, men gideýin. Ähtimal, Reb maňa görner we Ol maňa näme diýse, men ony saňa ýetirerin» diýip, ol depä çykdy.


Petrus bilen resullar olara şeýle jogap berdiler: «Ynsana däl-de, Hudaýa boýun bolmak has möhümdir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan