Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 23:24 - Mukaddes Kitap

24 Seret, halk şir dek oýanyp, arslan deý ýerinden turýar! Ol indi awuny iýip doýýança, öldürenleriniň ganyndan ganýança köşeşmez».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

24 Серет, халк шир дек оянып, арслан дей еринден туряр! Ол инди авуны ийип дойянча, өлдүренлериниң ганындан ганянча көшешмез».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 23:24
20 Iomraidhean Croise  

Benýamin hyrsyz möjekdir, ol irden awuny tutup iýip, agşam galan awuny paýlaşdyrýandyr».


Eý, oglum Ýahuda, sen aw awlap, awuny iýip, dolanyp gelen şir balasy kiminsiň, sen şir dek, ene şir dek çökýäň-de ýatýaň. Şiri ýerinden gozgamaga milt edýän ýokdur.


Alty basgançagyň her tarapynda bir ýolbars, jemi on iki ýolbars durdy. Beýle zat entek asla hiç bir ýurtda ýasalmandy.


Tagtyň alty basgançagy we altyndan aýak kürsüsi oňa berkidilendi. Tagtyň iki tarapynda hem tirseklikler, tirseklikleriň gapdalynda-da iki ýolbars durdy.


Ol Özüniň daşyna örtgi etdi tümlügi, telär etdi goýy bulutlaryň ýagmyr tümüni.


Haýwanlaryň iň batyry, hiç birinden gaçmaýan arslan.


Çünki Reb maňa şeýle diýdi: «Arslan, awunyň başynda arlaýan ýaş arslan, bir topar çopan bolup, daşyna geçseler-de, olaryň sesinden gorkmaz, galmagallaryndan ürkmez, Hökmürowan Reb-de, Sion dagynda, onuň depesinde uruşmak üçin aşak iner şeýdip.


Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.


Arslan arlar-da, kim gorkmaz? Hökmürowan Reb sözlär-de, kim pygamberlik etmez?»


Arslanlaryň sürenine, ýaş arslanlaryň ýerine näme boldy? Arslanlaryň barýan, çaga arslanlaryň gorkusyz gezýän ýerine näme boldy?


Arslanlar öz çagalary üçin ýeterlik aw awladylar, ene arslanlar üçin awuny bogup öldürdiler, gowaklaryny awdan, sürenlerini oljadan doldurdylar.


Şol gün Men ýahuda baştutanlaryny oduň ortasynda ýanýan bir maňňal ýaly, bugdaý dessesiniň içinde alawlap ýanýan çyra ýaly ederin. Olar sag-solundaky halklaryň ählisini ýakyp-ýandyrarlar. Iýerusalim ýene-de özüniň öňki ýerinde oturar».


Onsoň Ballak Bilgama: «Sen olary näletleme-de, ýalkama-da» diýdi.


Men ony görýän, ýöne häzir däl, oňa bakýan, ýöne ýakyn däl. Ýakubyň neslinden ýyldyz dörär. Ysraýyldan bir şalyk hasasy göterilip, Mowabyň maňlaýyny ýarar, Şisleriň başyny mynjyradar.


Gat hakda şeýle diýdi: «Gatyň mülküni giňeldene alkyş bolsun! Gat şir kimin ýaşaýar, goly we başy goparyp taşlaýar.


Şonda ýaşulularyň biri maňa şeýle diýdi: «Aglama! Ine, Ýahuda tiresinden, Dawudyň kökünden bolan Arslan üstün çykdy. Ol ýedi möhür bilen möhürlenen düýrlenen kagyzy açmagy başarar».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan