Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 23:23 - Mukaddes Kitap

23 Ýakuba hiç bir doga-jady täsir etmez, Ysraýylyň garşysyna täleý garanyň peýdasy ýokdur. Indi bolsa Ysraýyl we Ýakup hakda: „Gör, Hudaýyň eden zatlaryny!“ diýerler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

23 Якуба хич бир дога-җады тәсир этмез, Ысрайылың гаршысына тәлей гараның пейдасы ёкдур. Инди болса Ысрайыл ве Якуп хакда: „Гөр, Худайың эден затларыны!“ диерлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 23:23
31 Iomraidhean Croise  

Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.


Hatda dünýäniň iň çet çäklerinde ýaşaýanlaram Seniň alamatlaryňdan gorkup galpyldar; Günüň dogýan hem-de batýan ýerinde Sen şatlyk şowhunlaryny döredýärsiň.


Başdan nesilleri çagyryp, bulary eden, tamamlan kim? Men – Reb olar bilen ilkibaşdan boldum, ahyrda hem olar bilen boljak Mendirin.


galp pygamberleriň alamatlaryny puja çykarýan, palçylary akmak edýän, akyldarlara zarba berip, bilýänlerini samsyklyga öwürýän,


Çünki Babyl patyşasy iki ýoluň başynda durup jogap agtarýar. Ol oklary silkeleýär we butlara maslahat salyp, gurbanlyk malynyň bagryna seredýär.


Eý, Taňry Hudaýymyz, Sen Öz halkyňy gudratly goluň bilen Müsürden çykardyň. Bu günki ýaly Öz adyňy-da şöhratlandyrdyň! Biz bolsa günä gazandyk, erbetlik etdik.


Bize ajaýyp zatlar görkez Müsürden çykaran döwrüňdäki deý.


Bilgam Rebbiň ysraýyl halkyny ýalkamakdan hoşal bolýandygyny bildi. Şonuň üçin hem ol öňküsi ýaly palçylyk edip ýörmedi-de, göni çöle tarap tutdurdy.


Emma Isa olaryň pikirlerini bilip, şeýle diýdi: «Içinde bölünişik bolan patyşalyk dargar, öz içinden bölünen şäher ýa-da öý berk durup bilmez.


Eger Men arwah-jynlary Beýelzebul arkaly kowýan bolsam, onda siziň adamlaryňyz olary kim arkaly kowýarlar? Şu sebäpli sizi öz adamlaryňyz höküm eder.


Men saňa şuny aýdaýyn: Eý, Petrus! Sen gaýasyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, hatda ölüm-de bu ýygnagymy ýeňip bilmez.


Onsoň ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler ýokary mejlisi çagyryp: «Näme etmeli? Bu Adam köp gudratlar görkezýär.


Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.


Onsoň hemmeler dymyp, Pawlus bilen Barnaby diňlediler. Olar Hudaýyň özleri arkaly keseki milletlere görkezen beýik alamatlaryny we mugjyzalaryny gürrüň berdiler.


«Bu adamlary näme edeliň? Iýerusalimde ýaşaýanlaryň her biri bularyň täsin gudrat görkezendigini bilýär. Biz muny inkär edip bilmeýäris.


Resullar halk arasynda ençeme alamatlar, mugjyzalar görkezýärdiler. Ähli imanlylar ybadathanadaky Süleýmanyň eýwanynda üýşerdiler.


Muňa garamazdan, Reb Isa iman edenlere goşulan erkekdir aýallaryň sany barha artýardy.


Parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaý bolsa tiz wagtda şeýtany aýaklaryňyzyň astynda mynjyradar. Goý, Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti size ýar bolsun!


„Ýa Hökmürowan Reb, Sen Öz beýikligiňi we gudratyňy guluňa ýaňy görkezip başladyň. Ýerde we gökde haýsy hudaý Seniňki ýaly işleri we gudratlary amala aşyryp biler!


Ysraýyllar öz öldüren adamlarynyň arasynda Begor ogly Bilgamy hem gylyç bilen öldürdiler, ol palçylyk bilen meşgullanýardy.


Uly aždarha öz perişdeleri bilen ýere taşlandy. Hawa, bütin dünýäni azdyryp, iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan bu gadymy ýylan ýere taşlandy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan