Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 23:21 - Mukaddes Kitap

21 Men Ýakuba hiç hili betbagtlyk ýokdugyny, Ysraýylda bela-beteriň bolmajagyny görýärin. Ysraýyl Hudaýy Reb olar bilendir. Olar Ony öz patyşasy hökmünde alkyşlaýarlar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

21 Мен Якуба хич хили бетбагтлык ёкдугыны, Ысрайылда бела-бетериң болмаҗагыны гөрйәрин. Ысрайыл Худайы Реб олар билендир. Олар Оны өз патышасы хөкмүнде алкышлаярлар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 23:21
49 Iomraidhean Croise  

Hudaý biziň baştutanymyzdyr. Onuň ruhanylarynyň ellerinde size garşy urşy yglan etmäge surnaýlar bardyr. Eý, ysraýyllar, atalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň garşysyna uruş etmäň, çünki siz ýeňiş gazanyp bilmersiňiz».


Gök guşlary çeşmeleriň boýnunda mesgen tutunýar, ýapraklaryň arasyndan olar saýraşýar.


Buýruklaryň barada men oýlanaryn, Seniň ýollaryňa dykgat bererin.


Olaryň topragyny miras hökmünde beren Oldur, Onuň söýgüsi baky.


Elleri päk, ýüregi-de ak, köňlüni galplyga gönükdirmeýän, hile bilen kasam etmeýän ynsan.


Rebbe alkyş aýdyň lirada, Oňa mukam çalyň on kirişli guralda.


Ol dogrulygy, adalaty söýýändir; ýer ýüzi Rebbiň sadyk söýgüsinden doludyr.


Nagma aýdyň, nagma aýdyň Hudaýa, nagma aýdyň, nagma aýdyň Şamyza!


Rebbe täze nagmany aýdyň, çünki Ol gudratly işleri etdi. Goly, mukaddes goly, Oňa ýeňiş getirdi.


Rebbe şatlyk bilen siz gulluk ediň, nagma aýdyp, Onuň gaşyna baryň.


Reb olaryň öňünden ýol görkezip, gündizine bulut sütüni bolup, gijesine bolsa ot sütüni bolup, olaryň ýollaryny ýagtyldýardy. Şonda olar gündiz hem, gije hem ýol ýöräp bilýärdiler.


Hudaý oňa: «Seniň bilen boljak Mendirin. Sen halky Müsürden çykaryp getireniňde, Maňa şu dagda sežde edersiňiz. Bu bolsa seni Meniň ýollandygymyň nyşany bolar» diýdi.


Ol: «Eý, Taňry, eger men Seniň öňüňde merhemet tapan bolsam, goý, onda Taňrym biziň bilen gitsin. Bu halk boýnuýogyn bolsa-da, biziň etmişimizi, günämizi bagyşla we bizi Öz mirasdaryň edip al» diýdi.


Reb şeýle diýýär: «Geliň, indi düşünişeliň, günäleriňiz gyrmyzy dek bolsa-da, olar gar kimin ak bolarlar, gyrmyzy dek gyzyl bolsalar-da, ak ýüň dek bolarlar.


Eý, Sion halky, heşelle kak, gygyr! Araňyzdaky Ysraýylyň Mukaddesi beýikdir!»


Giň derýalardyr çeşmeleriň bolan ýerinde, şöhratly Reb biz bilen bolar, olardan ne kürekli gämiler, ne-de uly gämiler geçer.


Reb biziň kazymyzdyr, biziň kanun çykaryjymyzdyr, Reb patyşamyzdyr, Ol bizi halas eder.


Çeken ejirim-ezýetim öz haýryma boldy; meni söýendigiň üçin janymy heläkçilik çukuryndan sakladyň, ähli günälerimi arkaňa atdyň.


Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.


Bile maslahat geçirersiňiz, ýöne ol başa barmaz; söz sözlärsiňiz, ýöne ol amala aşmaz, çünki Hudaý biziň bilendir.


Men aman galdyranlarymy bagyşlaryn. Şol günlerde, şol döwürde Ysraýylyň ýazygy agtarylar, ýöne onuň hiç bir ýazygy bolmaz, Ýahudanyň günäleri agtarylar, ýöne ondan hiç zat tapylmaz. Muny Reb aýdýandyr.


Şäheriň tutuş töweregi on sekiz müň tirsek bolar. Şol günden başlap, şäheriň ady «Reb ol ýerdedir» bolar.


Siz Meniň Ysraýylyň arasyndadygymy, Beýik Hudaýyňyzyň Mendigimi, özgäniň-de ýokdugyny bilersiňiz. Meniň halkym gaýdyp utandyrylmaz».


Rebbiň huzuryndan ot geldi, ot gurbanlyk sypasynyň üstündäki günä gurbanlygyny we ýagy ýakyp, olary küle öwürdi. Bu ahwalaty gören bütin halk gygyryşyp ýüzin ýykyldy.


Sen: „Men-Reb – giň göwünli, sadyk söýgä baý. Etmişi we ýazygy bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirýärin“ diýipdiň.


Müsürden çykalymyz bäri, bularyň günälerini bagyşlap gelşiň ýaly, halkyň bu etmişini-de Öz beýik sadyk söýgiňiň hatyrasyna bagyşla».


Olar Musa bilen Harunyň garşysyna ýygnanyp: «Siz juda öte geçdiňiz! Bütin halk, her bir kişi mukaddesdir, Reb hem olaryň arasyndadyr. Şonda-da siz özüňizi näme üçin Rebbiň jemagatyndan ýokary tutýarsyňyz?» diýdiler.


Bulut mukaddes çadyryň depesinde iki gün saklansa-da, bir aý saklansa-da, hatda ondan hem uzak wagtlap saklanmagyny dowam etse-de, ysraýyllar düşlän ýerlerinden göçmezdiler. Emma bulut göterilen badyna, olar ýene ýola düşerdiler.


Şonda günä size öz hökümini ýöretmez, sebäbi siz Kanunyň ygtyýarynda däl-de, merhemetiň ygtyýaryndasyňyz.


Şeýlelikde, Isa Mesihe degişli bolanlar indi asla höküm edilmez.


Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Mesihiň dabaraly ýörişine bizi elmydama şärik edýär. Hudaý Özi baradaky bilimi biz arkaly ähli ýere müşk-anbar kimin ýaýýar.


Hawa, Hudaý ynsanlaryň günälerini hasaba alman, Isa Mesih arkaly dünýäni Özi bilen ýaraşdyrdy. Ýaraşdyrma baradaky habaryny bolsa bize tabşyrdy.


Hudaýyň ybadathanasy bilen butlaryň, heý-de, özara ylalaşygy bolarmy? Çünki biz diri Hudaýyň ybadathanasydyrys. Hudaý: «Men olaryň arasynda mesgen tutaryn we olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar» diýipdi ahyryn.


Soňra Reb Nunuň ogly Ýeşuwanyň etmeli işlerini tabşyrdy we oňa: «Dözümli we mert bol, çünki ysraýyllary Meniň söz beren ýurduma getirjek sensiň. Men seniň bilen bolaryn!» diýdi.


Bu azgyn hem ters nesil Oňa hyýanat etdi. Ýazygyňyz sebäpli indi siz Onuň çagalary dälsiňiz.


Ysraýyl tireleri birleşende, halk baştutanlary ýygnanda, Reb Ýeşuruna patyşa boldy.


Meniň sizi tanan günümden bäri, siz Rebbe garşy çykyp gelýärsiňiz.


Gidegon oňa: «Eý, jenabym, eger Reb biziň bilen bolsa, onda nädip biziň başymyza şunça betbagtlyk gelýär? Ata-babalarymyz: „Reb bizi Müsürden alyp çykdy“ diýip, bize gürrüň berýärdiler. Hany, Rebbiň şol gudratlary? Indi Reb bizi terk edip, midýanlaryň eline berdi» diýdi.


Öz gyrnagyňyň hyýanatçylygyny bagyşla. Rebbiň agamyň neslini abat etjegi şübhesizdir, sebäbi agam Reb üçin göreşýär. Ömürboýy senden ýamanlyk çykmaz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan