Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 23:20 - Mukaddes Kitap

20 Ine, Ol maňa Ysraýyly ýalka diýip emr etdi. Hudaýyň Özi ýalkanda, men ony üýtgedip bilmeýärin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

20 Ине, Ол маңа Ысрайылы ялка дийип эмр этди. Худайың Өзи ялканда, мен оны үйтгедип билмейәрин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 23:20
12 Iomraidhean Croise  

Senden beýik millet ýaradyp, Men seni ýalkaryn, adyňy arşa götererin, başgalar sen arkaly ýalkanarlar biri-birlerine pata bererler.


Men hakykatdanam seni ýalkap, seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin. Seniň nesliň öz duşmanlaryndan üstün çykar.


Yshak tutuş göwresi bilen saňňyldap: «Onda seniň öň ýanyňdan maňa aw etinden nahar bişirip getiren kimdi? Men naharyň baryny iýip, oňa pata berdim-ä. Ol indi pataly bolar!» diýdi.


Öz huzuryňda ebedi galsyn diýip, guluňyň nesline pata bermek, goý, Saňa hoş görünsin! Sebäbi, ýa Reb, Seniň pataň bilen guluňyň nesli baky pataly boldy we patalydyr!»


Owaldan bäri Men Olduryn. Elimden halas edip biljek ýokdur. Meniň edenimi ýatyryp biljek barmy?»


Emma Hudaý Bilgama: «Sen bular bilen gitme! Bu halky näletleme, çünki ol halk ýalkanandyr!» diýdi.


Bilgam Ballagyň adamlaryna şeýle jogap berdi: «Ballak hatda öz öýündäki altyn-kümşüň baryny berse-de, men Hudaýym Rebbiň emrini bozup, hiç hili uly ýa-da kiçi iş edip bilmerin.


Bilgam Ballaga: «Ine, men seniň ýanyňa geldim! Mende näme bir zat aýtmaga güýç barmydyr? Men diňe Hudaýyň agzyma salan sözlerini sözlärin» diýdi.


Şeýdip, Harun we onuň ogullary ysraýyllara Meniň adym bilen pata bersinler, Men hem olary ýalkaryn“».


Siz imanyňyz arkaly Hudaýyň gudraty bilen tä halas edilýänçäňiz goralýansyňyz. Bu gutulyş ahyrky günlerde aýan bolmaga taýýardyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan