Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 23:19 - Mukaddes Kitap

19 Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüniň bitmedigi barmy?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

19 Худай ынсан дәл ахырын, ялан сөзләр ялы. Ол адам оглы дәл, пикирини үйтгедер ялы. Хей, Онуң берен вадасының, айдан сөзүниң битмедиги бармы?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 23:19
36 Iomraidhean Croise  

Men hemişe seniň bilen biledirin. Sen nirede bolsaň-da, Men seni goraryn we seni ýene-de şu ýurda gaýtaryp getirerin. Men seni terk etmerin we saňa beren wadamy ýerine ýetirerin».


Ýarobgamyň nesilleriniň galada ölenlerini itler, düzde ölenlerini guşlar iýer, çünki Reb şeýle diýdi“.


Rebbiň Ýehuwa: «Seniň nesilleriň dördünji arka çenli Ysraýyl tagtynda oturarlar» diýip beren wadasy berjaý boldy.


Onsoň patyşanyň iň ýakyn nökerleriniň biri Hudaýyň adamyna: «Hatda Reb gökden penjireler açaýanda-da, heý, şeýle-de bir zat bolup bilermi?» diýdi. Emma Elýaşa: «Sen muny öz gözüň bilen görersiň, ýöne ondan iýmersiň» diýdi.


Ýa Hudaýymyz Reb, bu zatlary hem az görýän ýaly, Sen Öz guluň nesliniň geljegi hakynda hem söz berdiň. Sen maňa belent mertebeli adam ýaly garaýarsyň, ýa Hudaýymyz Reb!


Ol ýatdan çykmajak gudratly işleri etdi, Reb merhemetli hem-de rehimli.


Ok-ýaý bilen ýaraglanan Efraýym nesli, söweş gününde ökje göterdi.


Kedar ogullarynyň edermen urşujylardan galan kemançylary az bolar». Muny Ysraýyl Hudaýy Reb diýdi.


Emma Reb danadyr, Ol betbagtçylyk getirer, sözüni yzyna almaz, ýamanlyk edýänlere garşy aýaga galar, pislere kömek edýänlere garşy çykar.


Ot guraýar, gül solýar, emma Hudaýymyzyň sözi ebedi galýar.


Gündogardan bir ýyrtyjy guşy, maksadymy berjaý etjek birini uzak ýurtdan çagyrdym. Bulary aýdan Mendirin, ýerine-de ýetirerin; Men niýet etdim, amala aşyraryn ony.


Meniň agzymdan çykýan sözüm-de şeýle bolar; Ol Maňa boş gaýdyp gelmez, maksadymy ýerine ýetirer, etsin diýip iberen işimde üstünlikli bolar» Reb diýýär.


Şonuň üçin ýurt ýas tutar, asman garalar. Men sözledim, Men karar etdim, gaýtmyşym etmerin, pikirimden dänmerin».


Entek patyşanyň sözleri agzyndaka, gökden bir owaz geldi: «Eý, Nebukadnesar patyşa, saňa ine, şu yglan edilýär: patyşalyk senden alyndy!


Gyzgyn gazabymy başyňyza indermerin. Efraýymy ýaňadan weýran etmerin. Çünki Men ynsan däl, Hudaýdyryn. Siziň araňyzda Mukaddes Bolan. Men gazap bilen gelmerin.


Owaldan bäri ata-babalarymyza söz berşiň ýaly, Ýakuba we Ybraýyma wepalylygyňy görkezersiň.


Aýanlyk bellenen wagt üçindir, ol soňky günleriňiz hakda aýdýar, bu ýalan däl. Haýal bolsa-da, sen oňa garaş, ol wagt hökman geler, eglenmez.


Men Rebdirin, üýtgeýän däldirin. Şonuň üçin hem siz Ýakubyň nesli bolmakdan mahrum edilmediňiz.


Men-Reb şeýle diýmek bilen, bu aýdanlarymy Meniň garşyma birleşen bu azgyn halkyň başyndan indererin. Şu çöllükde bularyň baryny gyryp, ýok ederin».


Bilgam indi boljak zatlardan habar berip, şeýle diýdi: «Eý, Sipor ogly Ballak, oýan-da, maňa gulak goý.


Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.


Çünki Hudaý beren peşgeşlerini yzyna almaýar, Öz çakylygyny ýatyrmaýar.


Men Hudaý Öz wadasynda tapylmady diýemok. Sebäbi asly ysraýyl bolanlaryň bary hakyky ysraýyl däldir.


Emma biz Oňa sadyk galmasak-da, Ol bize sadykdyr, sebäbi Ol Özüni ret edip bilmeýär.


Hudaýyň bu ýörelgesi baky ýaşaýyş umydyny berýär. Sözünde asla ýalan bolmadyk Hudaý bu ýaşaýşy dünýä ýaradylmazdan öň wada berip,


Şeýlelikde, Hudaý bize iki zat: hem wada berdi, hem kasam etdi. Munuň ikisi hem üýtgewsizdir, sebäbi Hudaý hiç wagt ýalan sözlemeýär. Şonuň üçin hem, biz Hudaýda pena tapyp, özümize berlen umyda berk ýapyşyp ruhlanýarys.


Hudaýyň Oňa: «Reb ant içdi, Ol ondan dänmez. Sen müdimilik ruhanysyň» diýen anty arkaly ruhany boldy.


Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.


Siz Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň bize beren ynsanlyk ruhy örän gabanjaňdyr diýlen sözler boş ýere aýdylandyr öýdýärsiňizmi?


Rebbiň Ysraýyl nesillerine beren ajaýyp wadalaryndan ýekeje sözi hem ýerine ýetmän galmady. Olaryň ählisi hakykat ýüzünde berjaý boldy.


Şeýle hem, Ysraýyl Şöhraty ýalan sözlemez ýa-da pikirini üýtgetmez. Çünki Ol pikirini üýtgeder ýaly ynsan däldir».


Eliýiň nesline garşy aýdanlarymyň ählisini şol gün berjaý ederin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan