Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 23:14 - Mukaddes Kitap

14 Şeýdip, Ballak Bilgamy Zopym ýaýlasyna, Pisga dagynyň depesine alyp bardy. Ol ýerde ýedi sany gurbanlyk sypasyny gurup, olaryň hersiniň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Шейдип, Баллак Билгамы Зопым яйласына, Писга дагының депесине алып барды. Ол ерде еди саны гурбанлык сыпасыны гуруп, оларың херсиниң үстүнде бир өкүз билен бир гочы гурбанлык берди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 23:14
11 Iomraidhean Croise  

Altyny torbadan guýýanlar, kümşi terezide çekýänler bir zergäri hakyna tutýarlar, ol-da olardan bir hudaý ýasaýar; olar ýere ýüzin düşüp, oňa sežde edýärler.


Gilgatda etmiş bar, olaryň halky nämynasyp. Gilgalda öküzleri gurbanlyk etdiler. Şol sebäpli olaryň gurbanlyk sypasy sürlen meýdandaky daş üýşmegi ýaly bolar.


Bamotdan bolsa çölüň üstüne abanyp duran Pisga dagynyň depesi bilen Mowap topragynda ýerleşýän jülgä çenli gitdiler.


Onsoň Ballak oňa: «Haýyş edýärin, meniň yzyma düş, başga ýere gideli, sen ol ýerden olaryň hemmesini däl, bir bölegini görersiň. Meniň üçin olary şol ýerden näletle» diýdi.


Bilgam Ballaga: «Men ol ýerde Reb bilen duşuşýançam, sen şu ýerde öz ýakma gurbanlyklaryň ýanynda dur» diýdi.


Bilgam Ballaga: «Bu ýerde ýedi sany gurbanlyk sypasyny gur-da, meniň üçin ýedi öküz bilen ýedi goç taýýarlap goý» diýdi.


Pisga dagynyň depesine çyk-da, günbatara, demirgazyga, günorta we gündogara seret. Gowuja seretgin, çünki sen Iordandan aňry geçmersiň.


Şundan soň, Musa Mowap düzlüginden Nebo dagyna, Ýerihonyň garşysyndaky Pisga depesine çykdy. Reb oňa şu ähli ýeri: Gilgatdan tä Dana çenli ýerleri,


Şeýle hem, muňa tutuş Araba düzlüginiň gündogaryndaky Araba deňzine çenli bolan ýer we Pisga dagynyň etekleri hem degişlidir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan