Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 23:1 - Mukaddes Kitap

1 Onsoň Bilgam Ballaga: «Maňa şu ýerde ýedi sany gurbanlyk sypasyny gur-da, ýedi öküz bilen ýedi sany goçy taýýarlap goý» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Онсоң Билгам Баллага: «Маңа шу ерде еди саны гурбанлык сыпасыны гур-да, еди өкүз билен еди саны гочы тайярлап гой» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 23:1
19 Iomraidhean Croise  

Eger sen maňa: „Biz Hudaýymyz Rebbe bil baglaýarys“ diýseň, onda Hizkiýanyň Ýahuda we Iýerusalime ýüzlenip: „Siz Iýerusalimde şu gurbanlyk sypasynyň öňünde sežde ediň“ diýip, onuň ýykan seždegähleri, gurbanlyk sypalary Hudaýyňky dälmi näme?


Rebbiň Äht sandygyny getirýän lewilere Hudaý ýardam etdi we olar ýedi öküz bilen ýedi goçy gurbanlyk berdiler.


Olar patyşalyk, mukaddes öý we ýahuda halky üçin günä gurbanlygy hökmünde ýedi öküz, ýedi goç, ýedi guzy we ýedi teke getirdiler. Patyşa Harunyň nesillerine – ruhanylara olary gurbanlyk sypasynda Rebbe bermegi tabşyrdy.


Şonuň üçin hem indi ýedi öküz bilen ýedi goçy alyň-da, gulum Eýýubyň ýanyna baryp, özüňiz üçin ýakma gurbanlygyny hödür ediň. Gulum Eýýup siziň üçin dileg eder. Men siz bilen akmaklygyňyza görä iş salyşmaryn, onuň dilegini kabul ederin, çünki siz Men barada hakykaty gulum Eýýup ýaly sözlemediňiz».


Meniň üçin toprakdan gurbanlyk sypasyny ýasaň we onuň üstünde goýunlaryňyzy, öküzleriňizi başbitin ýakma gurbanlygy we salamatlyk gurbanlygy edip hödürläň. Adym tutulyp ýatlanylan her bir ýere gelip, Men size ak pata bererin.


Erbetleriň gurbanlygy Rebbe ýigrenjidir, dogruçyllaryň dogasy-da Onuň guwanjydyr.


Halk üýşüp, seniň ýanyňa gelýär. Meniň halkym huzuryňda oturýar, sözleriňi diňleýär, emma ony berjaý etmeýär; olaryň dillerinde söýgi aýdymy bolsa-da, ýürekleri haram gazançlarynyň yzyna eýerýär.


Ol baýramyň tutuş ýedi gününde Rebbe ýakma gurbanlygy hökmünde her gün şikessiz ýedi öküzçe bilen ýedi goç we günä gurbanlygy üçin her gün bir erkeç hödürlär.


Ertesi gün Ballak Bilgamy alyp, ony Bamotbagala getirdi. Ol ýerden Bilgam ysraýyl halkynyň bir bölegini görüp bilýärdi.


Ballak Bilgamyň aýdyşy ýaly etdi. Onsoň Ballak bilen Bilgam her gurbanlyk sypasynda bir öküzi we bir goçy gurbanlyk berdiler.


Bilgam Ballaga: «Bu ýerde ýedi sany gurbanlyk sypasyny gur-da, meniň üçin ýedi öküz bilen ýedi goç taýýarlap goý» diýdi.


Onsoň Ballak edil Bilgamyň aýdyşy ýaly edip, her bir gurbanlyk sypasynyň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdi.


Ýedinji gün şikessiz ýedi öküzi, iki goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny gurbanlyk hökmünde hödür ediň.


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz Gögüň Şalygyna girmäge adamlaryň öňüni baglaýarsyňyz, oňa ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz.


Olaryň halyna waý! Olar Kabylyň göreldesine eýerýärler. Bilgam ýaly, pul üçin adamlaryň gözüni gapýarlar. Kora ýaly baş galdyrandyklary üçin heläk bolýarlar.


Şamuwel şeýle diýdi: «Rebbe ýakma gurbanlyklardyr sadakalar bereniň bilen, Onuň Özüne boýun egilişindäki ýaly göwni galkynarmyka? Çünki boýun egmeklik gurbanlykdan, gulak asmaklyk goçuň ýagyndan has belentdir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan