Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 22:8 - Mukaddes Kitap

8 Bilgam olara: «Gijäni şu ýerde geçiriň, Reb maňa näme diýse, men ony size ýetirerin» diýdi. Şeýdip, mowaply emeldarlar Bilgamyň ýanynda galdylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Билгам олара: «Гиҗәни шу ерде гечириң, Реб маңа нәме дийсе, мен оны сизе етирерин» дийди. Шейдип, моваплы эмелдарлар Билгамың янында галдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 22:8
13 Iomraidhean Croise  

Emma Hudaýyň adamy patyşa: «Maňa patyşalygyň ýarysyny berseňem, men seniň bilen gitmerin. Bu ýerde çörek iýip, suw-da içmerin.


Mikaýa: «Rebden ant içýärin, Reb maňa näme diýse, men şony hem aýdaryn» diýdi.


Olary Sen oturtdyň, kök urdular. Ösüp-ulalyp, miwe berdiler. Seniň adyň dillerinden düşmeýär, emma ýürekleri Senden uzakdyr.


Halk üýşüp, seniň ýanyňa gelýär. Meniň halkym huzuryňda oturýar, sözleriňi diňleýär, emma ony berjaý etmeýär; olaryň dillerinde söýgi aýdymy bolsa-da, ýürekleri haram gazançlarynyň yzyna eýerýär.


Reb olara şeýle diýdi: «Meniň sözlerime gulak salyň: „Eger araňyzda pygamberler bar bolsa, Men-Reb görnüşlerde Özümi aýan edip, Olar bilen düýşde gepleşýärin.


Bilgam Ballagyň adamlaryna şeýle jogap berdi: «Ballak hatda öz öýündäki altyn-kümşüň baryny berse-de, men Hudaýym Rebbiň emrini bozup, hiç hili uly ýa-da kiçi iş edip bilmerin.


Bilgam Ballaga: «Ine, men seniň ýanyňa geldim! Mende näme bir zat aýtmaga güýç barmydyr? Men diňe Hudaýyň agzyma salan sözlerini sözlärin» diýdi.


Onsoň Mowabyň we Midýanyň ýaşululary ellerine nälet üçin töleg hakyny alyp, Bilgamyň ýanyna gitdiler we Ballagyň habaryny oňa ýetirdiler.


Hudaý Bilgama görnüp: «Seniň ýanyňdaky adamlar kim?» diýip sorady.


Bilgam oňa: «Men diňe seresaplylyk bilen Rebbiň agzyma salan sözlerini aýtmaýarynmy näme?» diýip jogap berdi.


Soňra Bilgam Ballaga: «Sen bu ýerde öz ýakma gurbanlygyňyň ýanynda dur, men gideýin. Ähtimal, Reb maňa görner we Ol maňa näme diýse, men ony saňa ýetirerin» diýip, ol depä çykdy.


„Ballak hatda öz öýündäki altyn-kümşüň baryny berse-de, men Hudaýym Rebbiň emrini bozup, öz erkime oňat iş hem, erbet iş hem edip bilmerin. Reb näme diýse, menem şony gaýtalaryn“ diýip aýtmanmydym?


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan