Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 22:7 - Mukaddes Kitap

7 Onsoň Mowabyň we Midýanyň ýaşululary ellerine nälet üçin töleg hakyny alyp, Bilgamyň ýanyna gitdiler we Ballagyň habaryny oňa ýetirdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Онсоң Мовабың ве Мидяның яшулулары эллерине нәлет үчин төлег хакыны алып, Билгамың янына гитдилер ве Баллагың хабарыны оңа етирдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 22:7
15 Iomraidhean Croise  

Hökümdarlaryň pitneçä öwrüldiler, ogrulara şärikdir olar, ählisi para ýatdy, peşgeşleriň yzynda hallan atýarlar. Ýetimiň hukugyny goramaýarlar, dul hatynyň dawasyna garamaýarlar.


Doýanyny bilmeýän açgöz itlerdir olar. Olar düşünjesiz çopanlardyr; hersi öz ýoly bilen gidýär, her kes öz bähbidini araýar.


Bir gysym arpa we bir döwüm çörek üçin halkymyň arasynda Maňa ysnat getirdiňiz. Ýalana gulak asýan halkyma ýalan sözlemek bilen ölüme laýyk däl janlary öldürdiňiz, ölüme laýyk janlara bolsa ýaşajakdyklaryny yglan etdiňiz“.


Çünki Babyl patyşasy iki ýoluň başynda durup jogap agtarýar. Ol oklary silkeleýär we butlara maslahat salyp, gurbanlyk malynyň bagryna seredýär.


Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.


Bilgam olara: «Gijäni şu ýerde geçiriň, Reb maňa näme diýse, men ony size ýetirerin» diýdi. Şeýdip, mowaply emeldarlar Bilgamyň ýanynda galdylar.


Ýakuba hiç bir doga-jady täsir etmez, Ysraýylyň garşysyna täleý garanyň peýdasy ýokdur. Indi bolsa Ysraýyl we Ýakup hakda: „Gör, Hudaýyň eden zatlaryny!“ diýerler.


Bilgam Rebbiň ysraýyl halkyny ýalkamakdan hoşal bolýandygyny bildi. Şonuň üçin hem ol öňküsi ýaly palçylyk edip ýörmedi-de, göni çöle tarap tutdurdy.


Çünki olar Rebbimiz Isa Mesihe däl-de, öz gara garynlaryna hyzmat edýändirler. Olar süýji sözler we ýaranjaňlyk bilen gepläp, sada adamlary aldawa salýandyrlar.


Olaryň agzyny baglamak gerek. Çünki olar ýygnaklarda öwretmesiz zatlary öwredip, maşgalalary bütinleý dargadýarlar. Iň erbedi-de, olar bulary pul gazanmak üçin öwredýärler.


Ysraýyllar öz öldüren adamlarynyň arasynda Begor ogly Bilgamy hem gylyç bilen öldürdiler, ol palçylyk bilen meşgullanýardy.


Olar Begoryň ogly Bilgamyň yzyna eýermek bilen, dogry ýoly terk edip azaşdylar. Bilgam haram ýol bilen pul gazanmagy halady.


Olaryň halyna waý! Olar Kabylyň göreldesine eýerýärler. Bilgam ýaly, pul üçin adamlaryň gözüni gapýarlar. Kora ýaly baş galdyrandyklary üçin heläk bolýarlar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan