Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 22:6 - Mukaddes Kitap

6 Şonuň üçinem gelip, olary meniň haýryma näletle. Çünki olar menden güýçli, belki şondan soň men olary ýeňip, ýurtdan kowup çykaryp bilerin. Çünki seniň ýalkanyňyň ýalkanýandygyny, näletläniňiň bolsa näletlenýändigini men bilýärin» diýip habar iberdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Шонуң үчинем гелип, олары мениң хайрыма нәлетле. Чүнки олар менден гүйчли, белки шондан соң мен олары еңип, юртдан ковуп чыкарып билерин. Чүнки сениң ялканыңың ялканяндыгыны, нәлетләниңиң болса нәлетленйәндигини мен билйәрин» дийип хабар иберди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 22:6
23 Iomraidhean Croise  

Seni ýalkany ýalkaryn, seni näletläni-de näletlärin; Ýer ýüzündäki ähli milletler sen arkaly pata alarlar».


Halklar saňa hyzmat etsinler, il-uluslar saňa boýun egsinler. Baştutan bol sen öz doganlaryňa, doganlaryň saňa boýun egsinler. Seni näletlän, näletlensin, seni ýalkan, ýalkansyn!»


Mikaýany getirmäge giden çapar oňa: «Ähli pygamberler patyşa biragyzdan hoş sözleri aýdýarlar; sen hem şolar ýaly hoş sözleri aýt» diýdi.


Onsoň Ysraýylyň patyşasy Ahap dört ýüze golaý pygamberi toplap, olardan: «Men Ramotgilgada hüjüm edeýinmi ýa-da etmäýinmi?» diýip sorady. Olar: «Hüjüm et, çünki Reb ony seniň eliňe berer» diýdiler.


Ysraýylyň patyşasy Ahap Ýehoşapada şeýle jogap berdi: «Rebden sorap görmäge ýene bir pygamber bar, ol Ýymla ogly Mikaýa, ýöne men ony ýigrenýärin. Ol maňa hiç ýagşy zatlary pygamberlik etmän, gaýtam diňe betbagtçylyk hakynda pygamberlik edýär». Ýehoşapat: «Eý, patyşa, beýle zatlary diliňe alma» diýdi.


Çünki olar ysraýyl halkyny çörek we suw bilen garşylaman, gaýtam, olary näletlesin diýip, Bilgamy hakyna tutdular. Ýöne Hudaýymyz näleti ýalkanyşa öwürdi.


Serçäniň eýläk-beýläk uçuşy ýaly, garlawajyň uçup gidişi kimin, sebäpsiz näletem täsir etmez.


Olar ‘Rebbiň sözi’ diýip, boş görnüşlere we ýalan pallara uýdular. Olary Reb ýollamady, emma şonda-da sözleriniň amala aşmagyna umyt baglaýarlar.


Eý, halkym, Mowap şasy Ballagyň saňa garşy niýetini, Begoryň ogly Bilgamyň oňa beren jogabyny, Şitimden Gilgala çenli bolan işleri ýadyňa sal! Şonda Men-Rebbiň halas ediş işlerimi bilersiň» diýýär Reb.


Emma Hudaý Bilgama: «Sen bular bilen gitme! Bu halky näletleme, çünki ol halk ýalkanandyr!» diýdi.


Çünki men seniň sylag-serpaýyňy ýetirip, göwnüňiň islän zadyny bitirerin. Sen diňe gel-de, meniň üçin şol halky näletle“».


Onsoň Ballak oňa: «Haýyş edýärin, meniň yzyma düş, başga ýere gideli, sen ol ýerden olaryň hemmesini däl, bir bölegini görersiň. Meniň üçin olary şol ýerden näletle» diýdi.


Onsoň Ballak Bilgama: «Ýör, men seni başga bir ýere äkideýin, belki seniň olary şol ýerde näletlemegiň Hudaýyň göwnüne ýarar» diýdi.


Ysraýyl edil arslan deý, ene şir deý ýatar. Kim ony turuzmaga milt eder? Çünki Ysraýyly ýalkan ýalkanar, näletlän näletlener».


Bir gün ybadat edilýän ýere barýarkak, palçylyk ruhy eýelän bir hyzmatkär gyza duş geldik. Bu gyz pal atmaklyk bilen hojaýynlaryna köp pul gazanyp berýärdi.


Sebäbi siz Müsürden çykyp gaýdanyňyzda, olar ýolda sizi duz-çörek we suw bilen garşy almadylar. Olar sizi näletlemek üçin, Mesopotamiýada Petor galasyndan bolan Begoryň ogly Bilgamy hakyna tutdular.


Mowabyň hany Sipor ogly Ballak Ysraýyla garşy uruşmaga taýýarlananda, ol Begor ogly Bilgama sizi näletlemek üçin habar iberdi.


Piliştli Dawuda: «Üstüme taýakly geler ýaly, men näme itmi?» diýdi-de, öz hudaýlarynyň adyndan Dawuda gargady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan