Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 22:5 - Mukaddes Kitap

5 Ballak Begor ogly Bilgamy çagyrmak üçin çaparlar ýollady. Bilgam Ýewfrat derýasynyň boýunda, Petorda öz tohum-tijiniň arasynda ýaşaýardy. Ballak Bilgama: «Müsürden bir halk çykyp gelip, bütin ýer ýüzüne ýaýrady. Ine, indi olar meniň alkymyma dykylyp geldiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Баллак Бегор оглы Билгамы чагырмак үчин чапарлар ёллады. Билгам Евфрат дерясының боюнда, Петорда өз тохум-тиҗиниң арасында яшаярды. Баллак Билгама: «Мүсүрден бир халк чыкып гелип, бүтин ер йүзүне яйрады. Ине, инди олар мениң алкымыма дыкылып гелдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 22:5
15 Iomraidhean Croise  

Seniň nesliňi edil ýeriň çägeleri kimin san-sajaksyz ederin. Eger ýeriň çägeleri sanalyp bilinýän bolsa, onda seniň nesliň-de sanalyp bilner.


Olar gözel ýurdy äsgermediler, Onuň beren sözüne ynanmadylar.


Çekirtgeler tutuş ýurduň ýüzüni örtendigi sebäpli, ýeriň üsti garalypdy. Olar ýurtdaky doly ýagandan soňky galan ähli bag-bakjalary we ähli agaçlaryň miwelerini iýdiler. Tutuş Müsür topragynda ne agaç, ne-de bag-bakja galdy, ýekeje-de ýaşyl zat galmady.


Eý, halkym, Mowap şasy Ballagyň saňa garşy niýetini, Begoryň ogly Bilgamyň oňa beren jogabyny, Şitimden Gilgala çenli bolan işleri ýadyňa sal! Şonda Men-Rebbiň halas ediş işlerimi bilersiň» diýýär Reb.


Onsoň Bilgam Hudaýdan gelen aýanlygy habar berip, şeýle diýdi: «Mowap patyşasy Ballak meni gündogardaky daglardan, Siriýa ýurdundan getirip, şeýle diýdi: „Gel, meniň üçin Ýakuby näletle, gel-de, Ysraýyla garga!“


Öldürilenleriň arasynda Ewi, Rekem, Sur, Hur we Reba atly bäş sany Midýan hany-da bardy. Begor ogly Bilgamy-da ysraýyllar gylyçdan geçirdiler.


Sebäbi siz Müsürden çykyp gaýdanyňyzda, olar ýolda sizi duz-çörek we suw bilen garşy almadylar. Olar sizi näletlemek üçin, Mesopotamiýada Petor galasyndan bolan Begoryň ogly Bilgamy hakyna tutdular.


Emma Hudaýyňyz Reb Bilgamy diňlemekden ýüz öwrüpdi. Ol sizi söýensoň, şol näleti alkyşa öwrüpdi.


Ysraýyllar öz öldüren adamlarynyň arasynda Begor ogly Bilgamy hem gylyç bilen öldürdiler, ol palçylyk bilen meşgullanýardy.


Mowabyň hany Sipor ogly Ballak Ysraýyla garşy uruşmaga taýýarlananda, ol Begor ogly Bilgama sizi näletlemek üçin habar iberdi.


Olaryň halyna waý! Olar Kabylyň göreldesine eýerýärler. Bilgam ýaly, pul üçin adamlaryň gözüni gapýarlar. Kora ýaly baş galdyrandyklary üçin heläk bolýarlar.


Ýöne sende oňlamaýan käbir zatlarym bar. Siziň araňyzda Bilgamyň taglymatyna eýerýänler bar. Bilgam ysraýyl halkyny günäniň toruna salmagyň ýoluny Ballaga öwretdi. Şeýdip, ysraýyl halky buta berlen gurbanlygy iýip, zyna etdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan