Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 22:4 - Mukaddes Kitap

4 Onsoň mowaplylar Midýan ýaşulularyna şeýle habar ýolladylar: «Öküziň meýdandaky otlary ýalmap-ýuwudyşy ýaly, bu gelýän mähelle hem töwerek-daşymyzdaky zatlaryň hemmesini ýalmap-ýuwudar». Ol wagtlar Sipor ogly Ballak Mowabyň patyşasydy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Онсоң моваплылар Мидян яшулуларына шейле хабар ёлладылар: «Өкүзиң мейдандакы отлары ялмап-ювудышы ялы, бу гелйән мәхелле хем төверек-дашымыздакы затларың хеммесини ялмап-ювудар». Ол вагтлар Сипор оглы Баллак Мовабың патышасыды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 22:4
13 Iomraidhean Croise  

Olar Midýandan çykyp, Parana geldiler, Parandan hem ýanlaryna birnäçe adam alyp, Müsüre, Müsür patyşasy faraonyň ýanyna bardylar. Patyşa Hadada ýaşamaga jaý we mellek ýer berip, ony azyk bilen üpjün etdi.


Edomyň beglerini gorky basýar. Mowabyň serdarlaryny ysytma tutýar. Kenganyň ilaty dowla düşýär.


Mowabyň ähli üçeklerinden we meýdançalaryndan diňe agy sesi gelýär. Çünki Men Mowaby halanmaýan gap kimin döwdüm. Muny Reb aýdýandyr.


Ysraýyllaryň amorlaryň başyna salan ähli işlerinden Sipor ogly Ballagyň habary bardy.


Onsoň Mowabyň we Midýanyň ýaşululary ellerine nälet üçin töleg hakyny alyp, Bilgamyň ýanyna gitdiler we Ballagyň habaryny oňa ýetirdiler.


Men ony görýän, ýöne häzir däl, oňa bakýan, ýöne ýakyn däl. Ýakubyň neslinden ýyldyz dörär. Ysraýyldan bir şalyk hasasy göterilip, Mowabyň maňlaýyny ýarar, Şisleriň başyny mynjyradar.


Musa we bütin ysraýyl halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň işiginde aglaşyp durkalar, bir ysraýylly erkek kişi olaryň gözüniň alnynda bir midýanly aýaly öz maşgalasyna getirdi.


Öldürilenleriň arasynda Ewi, Rekem, Sur, Hur we Reba atly bäş sany Midýan hany-da bardy. Begor ogly Bilgamy-da ysraýyllar gylyçdan geçirdiler.


Sen Mowap patyşasy Siporyň ogly Ballakdan gowumy näme? Ol Ysraýyl bilen tersleşdimi ýa uruşdymy?


Ysraýyllar ýene-de Rebbiň ýigrenýän işlerini etmäge başladylar. Reb olary ýedi ýyllap midýanlaryň eline berdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan