Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 22:36 - Mukaddes Kitap

36 Ballak Bilgamyň gelendigini eşidende, ony garşylamak üçin, Arnon jülgesiniň golaýynda, serhediň iň çetki nokadynda ýerleşýän Mowabyň Ar galasyna gitdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

36 Баллак Билгамың гелендигини эшиденде, оны гаршыламак үчин, Арнон җүлгесиниң голайында, серхедиң иң четки нокадында ерлешйән Мовабың Ар галасына гитди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 22:36
14 Iomraidhean Croise  

Ybram Kedorlagomeri we onuň ýanyndaky şalary derbi-dagyn edip gelenden soň, Sodom şasy ony garşylamak üçin Şawe deresine, ýagny şa jülgesine gitdi.


Ybraýym töweregine seredip, aňyrrakda üç kişiniň durandygyny gördi. Ybraýym olary gören badyna, garşylamak üçin çadyrynyň agzyndan olara tarap ylgady. Ol iki bükülip, olara tagzym etdi.


Ýusup arabasyna münüp, kakasy Ysraýyly garşylamak üçin Goşene gitdi; Ýusup kakasyny görüp, ony gujaklap, onuň gujagynda uzak wagtlap aglady.


Musa gaýynatasyny garşy almaga çykdy we dyzyna çöküp tagzym etdi we ony ogşady. Olar biri-biri bilen saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soň, çadyryň içine girdiler.


Arnon geçelgesinde Mowabyň aýallary höwürtgesinden kowlan öýsüz-öwzarsyz guşlara meňzeýär.


Mowap masgara boldy, ol derbi-dagyn edildi. Perýat et we agla! Mowabyň weýran bolandygyny Arnonda yglan et.


Rebbiň perişdesi Bilgama: «Bu adamlar bilen git, ýöne diňe Meniň aýt diýen zatlarymy aýdarsyň» diýdi. Onsoň Bilgam Ballagyň emeldarlary bilen gitdi.


Ballak Bilgama: «Seni çagyrtmak üçin adam ibermedimmi?! Näme üçin sen meniň ýanyma gelmediň? Megerem, özüňe mynasyp hezzet-hormat edip bilmez öýdensiň?» diýdi.


Rimdäki doganlar biziň gelendigimizi eşidip, bizi garşylamak üçin ol ýerden Appiýus bazaryna we Üç kerwensaraý diýen oba çenli geldiler. Pawlus olary görende, Hudaýa şükür edip, ýene gaýrata galdy.


„Tur, ýola düş! Arnon jülgesinden geç! Ine, Men Heşbondaky amorlaryň hany Sihony we onuň ýerini seniň eliňe berdim. Ýurdy eýelemäge başla, Sihon bilen urşa gir.


Şeýdip, biz Iordanyň aňyrsynda amorlaryň iki hanynyň ýurduny basyp aldyk. Arnon jülgesinden Hermon dagyna çenli


Olar çölüň içi bilen Edom hem-de Mowap ýurdundan sowa geçdiler-de, Mowabyň gündogar araçäginde, Arnonyň aňyrsynda ýerleşdiler, emma Mowabyň meýdanynyň içine girmediler, çünki Arnon Mowabyň çägi bolup durýardy.


Şawul ýakma gurbanlyk bermekligi ýaňy gutardym edende, Şamuwel geldi. Garşylamak hem salamlaşmak üçin, Şawul onuň öňünden çykdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan