Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 22:34 - Mukaddes Kitap

34 Onsoň Bilgam Rebbiň perişdesine: «Men günä etdim, Seniň garşymda ýolda duranyňy bilmändirin. Indi Sen eger meniň gitmegimi oňlamaýan bolsaň, men öýüme gaýdaýyn» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

34 Онсоң Билгам Реббиң перишдесине: «Мен гүнә этдим, Сениң гаршымда ёлда дураныңы билмәндирин. Инди Сен эгер мениң гитмегими оңламаян болсаң, мен өйүме гайдайын» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 22:34
16 Iomraidhean Croise  

Dawut Natana: «Men Rebbiň öňünde günä gazandym» diýdi. Natan Dawuda: «Reb seniň günäňi geçdi; sen ölmersiň.


Bu iş Hudaýa pis göründi we Ol Ysraýyly jezalandyrdy.


Soňra faraon adam ýollap, Musa bilen Haruny çagyrtdy we olara: «Bu gezek men günämi boýun alýan. Rebbiňki dogry, meniň we halkymyň edýäni nädogry.


Ýogsa ony Reb görüp, Ol senden närazy bolar, gaharyny duşmanyňdan sowar.


Halk görýän görgüleri hakda Rebbe eşitdirip, şikaýat edip başlady. Reb muny eşidende gaty gaharlandy. Onsoň Rebbiň ody olaryň garşysyna tutaşyp, ýangyn düşelgäniň bir çetini ýok etdi.


Halk daňdan ir bilen turup, daglyga çykmaga başlap: «Ine, biz Rebbiň söz beren ýerine barýarys, çünki biz günä gazandyk» diýdiler.


Emma Hudaý Bilgama: «Sen bular bilen gitme! Bu halky näletleme, çünki ol halk ýalkanandyr!» diýdi.


Eşek Meni gördi we üç sapar Meniň öňümden sowuldy. Eger ol sowulmadyk bolsa, hakykatdan hem Men seni öldürerdim, ony bolsa diri galdyrardym».


Şawul Şamuwele şeýle jogap berdi: «Men günä gazandym, çünki men Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirmedim, seniň sözüňi tutmadym. Sebäbi men halkdan gorkup, halkyň diýeni bilen boldum.


Soňra Şawul Şamuwele: «Men günä gazandym. Ýöne halkymyň ýaşulularynyň öňünde we Ysraýylyň arasynda meni ryswa etme. Hudaýyň Rebbe sežde etmegim üçin, gaýdanyňda bile gideli» diýdi.


Dawut sözüni gutaranda, Şawul: «Dawut, oglum, bu asyl senmidiň?» diýip, möňňürip aglady.


Şawul Dawuda şeýle diýdi: «Men günä etdim. Yzyňa dolan, oglum, Dawut. Indi men saňa hiç wagt ýamanlyk etmerin, çünki bu gün meniň janym seniň üçin juda gymmatly boldy. Men akmak bolupdyryn, juda ýalňyşypdyryn».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan