Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 22:32 - Mukaddes Kitap

32 Rebbiň perişdesi oňa şeýle diýdi: «Näme üçin sen eşegiňi üç gezek urduň? Men duşman hökmünde saňa päsgel bermek üçin çykdym, sebäbi sen Meniň nazarymda gabahat ýoldan barýarsyň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

32 Реббиң перишдеси оңа шейле дийди: «Нәме үчин сен эшегиңи үч гезек урдуң? Мен душман хөкмүнде саңа пәсгел бермек үчин чыкдым, себәби сен Мениң назарымда габахат ёлдан барярсың.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 22:32
19 Iomraidhean Croise  

Reb gelmişekleri gözden salmaýar, dul hatynlary, ýetimleri goldaýar, emma erbetleriň ýoluny weýran edýändir.


Reb başga hiç millete şeýle etmeýär, olar Onuň adalatly hökümlerini bilmeýär. Rebbe şan-şöhrat bolsun!


Nur deý ýalpyldadar dogrulygyňy, günorta çagy deý – haklylygyňy.


Dogrulykda ýöreýän Rebden gorkýandyr, Ýoldan çykýan bolsa, Ony ýigrenýändir.


Adamyň ähli ýollary öz gözüne sapdyr, ýöne ruhuňa syn edýän Rebdir.


Sadyk gezýänler halas bolar, egri ýolly adamlar bolsa duýdansyz ýykylar.


Sadyk ýolda gezýän garyp egri ýoldan ýöreýän baýdan ýagşydyr.


Eý, halkym, Mowap şasy Ballagyň saňa garşy niýetini, Begoryň ogly Bilgamyň oňa beren jogabyny, Şitimden Gilgala çenli bolan işleri ýadyňa sal! Şonda Men-Rebbiň halas ediş işlerimi bilersiň» diýýär Reb.


Şol gije Hudaý Bilgama görnüp, oňa: «Eger bu adamlar seni çagyrmak üçin gelen bolsalar, sen olar bilen git, ýöne diňe Meniň aýdanlarymy edersiň» diýdi.


Bilgam emeldarlar bilen gideninde, Hudaýyň gahary geldi. Onsoň Rebbiň perişdesi Bilgama päsgel bermek üçin, onuň ýolunda durdy. Bilgam eşegini münüp barýardy we onuň iki hyzmatkäri-de ýanyndady.


Onsoň Reb eşege dil bitirdi we eşek Bilgama: «Meni üç gezek beýle ýenjer ýaly, men saňa näme etdim?» diýdi.


Eşek Meni gördi we üç sapar Meniň öňümden sowuldy. Eger ol sowulmadyk bolsa, hakykatdan hem Men seni öldürerdim, ony bolsa diri galdyrardym».


Rebbiň perişdesi Bilgama: «Bu adamlar bilen git, ýöne diňe Meniň aýt diýen zatlarymy aýdarsyň» diýdi. Onsoň Bilgam Ballagyň emeldarlary bilen gitdi.


«Eý, iblis ogly! Sen ähli dogrulygyň duşmanysyň. Seniň ýüregiň her dürli hileden we galplykdan doly. Rebbiň hak ýoluny ýoýmagyňy haçan bes etjek?


Sebäbi siz Müsürden çykyp gaýdanyňyzda, olar ýolda sizi duz-çörek we suw bilen garşy almadylar. Olar sizi näletlemek üçin, Mesopotamiýada Petor galasyndan bolan Begoryň ogly Bilgamy hakyna tutdular.


Harman döwýän öküziň agzyny baglamaň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan