Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 22:31 - Mukaddes Kitap

31 Mundan soň Reb Bilgamyň gözüni açdy. Ol eli syrylan gylyçly Rebbiň perişdesiniň ýolda durandygyny gördi. Bilgam tagzym edip, özüni ýüzinligine ýere goýberdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

31 Мундан соң Реб Билгамың гөзүни ачды. Ол эли сырылан гылычлы Реббиң перишдесиниң ёлда дурандыгыны гөрди. Билгам тагзым эдип, өзүни йүзинлигине ере гойберди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 22:31
14 Iomraidhean Croise  

Hudaý Hajaryň gözüni açdy we ol bir suwly guýyny gördi. Ol baryp, guýudan meşigini doldurdy-da, ondan ogluna içirdi.


Rebbiň perişdesiniň öz elindäki ýalaňaç gylyjyny Iýerusalime tarap uzadyp, ýer bilen gögüň arasynda durandygyny Dawut gördi. Jul geýnen Dawut hem-de ýaşulular ýere ýüzin ýykyldylar.


Galk Sen, ýa Reb, ynsan üstün çykmasyn, milletlere höküm çykarylsyn Seniň öňüňde.


Musa derrew ýüzüni ýere berip sežde etdi.


Şonda eşek Bilgama: «Men seniň bütin ömrüňe münüp ýören eşegiň dälmi näme? Heý, mundan ozal şeýle gylyk görkezipmidim?» diýdi. Bilgam: «Ýok» diýip jogap berdi.


Hudaýyň sözlerini eşidýän, Beýik Hudaýdan bilim alýan, Gudratygüýçlüden görnüş görýän, ýere ýüzin düşüp, gözüm bilen aýdyň görýän.


Hudaýyň sözlerini eşidýän, Gudratygüýçlüden görnüş görýän, ýere ýüzin düşüp, gözüm bilen aýdyň görýän.


Ýöne Ony tanamaz ýaly, olaryň gözleri baglanypdy.


Şonda olaryň gözleri açylyp, Isany tanadylar, emma Isa olaryň gözlerinden gaýyp boldy.


Isa olara: «Şol Mendirin» diýende, olar yza çekilip, ýere ýykyldylar.


Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi.


Ýeşuwa Ýeriho galasyna golaý baryp, başyny galdyryp seredende, onuň eli syrma gylyçly duran bir adama gözi düşdi. Ýeşuwa onuň ýanyna baryp: «Sen hem biziňkileriň birimiň ýa-da duşmanmysyň?» diýip sorady.


Ol adam: «Hijisi hem däl. Men Rebbiň gökdäki goşunynyň serkerdesi, ýaňyja geldim» diýip jogap berdi. Ýeşuwa ýere ýüzin düşüp sežde etdi we oňa: «Agam, sadyk guluňa näme hyzmat?» diýip sorady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan