Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 22:3 - Mukaddes Kitap

3 Mowaplylar ysraýyl halkynyň köpdügini görenlerinde, juda gorkdular. Şeýdip, mowaplylar ysraýyllar sebäpli dowla düşdüler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Моваплылар ысрайыл халкының көпдүгини гөренлеринде, җуда горкдулар. Шейдип, моваплылар ысрайыллар себәпли довла дүшдүлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 22:3
10 Iomraidhean Croise  

Çünki olar ysraýyl halkyny çörek we suw bilen garşylaman, gaýtam, olary näletlesin diýip, Bilgamy hakyna tutdular. Ýöne Hudaýymyz näleti ýalkanyşa öwürdi.


Çünki gelmişekler garşyma galdy, sütemkärler janymyň kastyna çykdy; olar Hudaýy äsgermeýärler. Sela


Emma müsürliler ysraýyllara näçe zulum etseler-de, olar öňküsinden-de has köpeldiler we olaryň sany juda artdy. Müsürlileriň ysraýyllardan susty basyldy.


Edomyň beglerini gorky basýar. Mowabyň serdarlaryny ysytma tutýar. Kenganyň ilaty dowla düşýär.


Men Öz haýbatymy siziň öňüňizden ugradaryn. Siziň garşyňyza çykan her bir halky aljyraňňylyga salyp, ähli duşmanlaryňyzy ýeňse berip gaçar ýaly ederin.


Suruň halyna gynanar Müsür, ol barada eşidende.


Şu günden başlap, Men ýer ýüzündäki ähli halkyň üstünden gorky we howp salaryn. Seniň adyňy eşidenlerinde, olar gorkudan ýaňa titreşer durarlar“».


Olar Ýeşuwa: «Dogrudan-da, Reb tutuş ýurdy biziň elimize beripdir. Ol ýerde ýaşaýan ähli halk biz sebäpli dowla düşýär» diýdiler.


Olar Ýeşuwa: «Hudaýyňyz Rebbiň ähli ýurtlary siziň eliňize bermegi we olaryň ýaşaýjylaryny gyrmagy Öz guly Musa buýrandygyny bize aýtdylar. Siz sebäpli biz öz janymyzyň howp astyndadygyny bildik we şonuň üçin hem şeýle etdik.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan