Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 22:23 - Mukaddes Kitap

23 Eşek eli syrylan gylyçly, ýoluň üstünde duran Rebbiň perişdesini gören badyna ýoldan sowlup, atyzyň içine tutdurdy. Bilgam bolsa eşegi ýola çykarjak bolup saýgylamaga başlady.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

23 Эшек эли сырылан гылычлы, ёлуң үстүнде дуран Реббиң перишдесини гөрен бадына ёлдан совлуп, атызың ичине тутдурды. Билгам болса эшеги ёла чыкарҗак болуп сайгыламага башлады.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 22:23
11 Iomraidhean Croise  

Onsoň Elýaşa dileg edip: «Eý, Reb, meniň hyzmatkärimiň gözlerini açaý, goý, ol görsün» diýdi. Reb Elýaşanyň hyzmatkäriniň gözlerini açdy. Hyzmatkär dagda Elýaşanyň töwereginiň atlardyr söweş arabalary sypatyndaky otdan doludygyny gördi.


Rebbiň perişdesiniň öz elindäki ýalaňaç gylyjyny Iýerusalime tarap uzadyp, ýer bilen gögüň arasynda durandygyny Dawut gördi. Jul geýnen Dawut hem-de ýaşulular ýere ýüzin ýykyldylar.


Hatda leglek hem öz möwsümini bilýär. Gumry, garlawaç, durna-da göçmeli pursadyny bilýär. Emma halkym Men-Rebbiň parzlaryny bilmeýär.


Men Danyýel ol görnüşi ýeke özüm gördüm. Meniň ýanymdakylar muny görmediler, gaýtam olary elhenç gorky gaplap aldy, olar gizlenmek üçin gaçyp gitdiler.


Bilgam emeldarlar bilen gideninde, Hudaýyň gahary geldi. Onsoň Rebbiň perişdesi Bilgama päsgel bermek üçin, onuň ýolunda durdy. Bilgam eşegini münüp barýardy we onuň iki hyzmatkäri-de ýanyndady.


Onsoň Rebbiň perişdesi üzümçiligiň içinden geçýän iki gapdaly diwar bolan darajyk ýodanyň ugrunda peýda boldy.


Meniň ýanymdakylar şöhläni görüp gorkdular, emma meniň bilen gepleşen sese düşünmediler.


Ýeşuwa Ýeriho galasyna golaý baryp, başyny galdyryp seredende, onuň eli syrma gylyçly duran bir adama gözi düşdi. Ýeşuwa onuň ýanyna baryp: «Sen hem biziňkileriň birimiň ýa-da duşmanmysyň?» diýip sorady.


Emma onuň günäsi paş boldy. Dilsiz-agyzsyz eşek ynsan dilinde gepläp, pygamberiň tentekligine böwet boldy.


Olaryň halyna waý! Olar Kabylyň göreldesine eýerýärler. Bilgam ýaly, pul üçin adamlaryň gözüni gapýarlar. Kora ýaly baş galdyrandyklary üçin heläk bolýarlar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan