Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 22:12 - Mukaddes Kitap

12 Emma Hudaý Bilgama: «Sen bular bilen gitme! Bu halky näletleme, çünki ol halk ýalkanandyr!» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Эмма Худай Билгама: «Сен булар билен гитме! Бу халкы нәлетлеме, чүнки ол халк ялканандыр!» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 22:12
27 Iomraidhean Croise  

Senden beýik millet ýaradyp, Men seni ýalkaryn, adyňy arşa götererin, başgalar sen arkaly ýalkanarlar biri-birlerine pata bererler.


Sadogyň neslinden bolan baş ruhany Azarýa şeýle jogap berdi: «Rebbiň öýüne sadakalaryny getirip başlanlaryndan bäri biziň iýmitimiz ýeterlik boldy, hatda köp artyp hem galdy. Rebbiň Öz halkyna bereket berendigi sebäpli, bizde artyk galan zat köp».


Hemmäniň gözleri Saňa umyt bilen garaýar, Sen öz wagtynda olaryň ryskyny berýärsiň.


Rebbimiz beýikdir, kuwwaty köpdür, paýhasynyň hiç çägi ýokdur.


Olaryň nesilleri milletleriň arasynda, zürýatlary halklaryň arasynda tanalar, görenleriň ählisi olaryň Rebbiň ýalkan halkydygyny bilerler».


Eý, halkym, Mowap şasy Ballagyň saňa garşy niýetini, Begoryň ogly Bilgamyň oňa beren jogabyny, Şitimden Gilgala çenli bolan işleri ýadyňa sal! Şonda Men-Rebbiň halas ediş işlerimi bilersiň» diýýär Reb.


„Müsürden bir halk çykyp, bütin ýer ýüzüne ýaýrady. Sen gel-de, meniň haýryma olary näletle, belki şondan soň men olaryň garşysyna söweşip bilerin we kowup çykararyn“».


Bilgam ertesi turup, Ballagyň emeldarlaryna: «Öz ýurduňyza dolanyň, sebäbi Reb maňa siziň bilen gitmäge rugsat bermedi» diýdi.


Şonuň üçinem gelip, olary meniň haýryma näletle. Çünki olar menden güýçli, belki şondan soň men olary ýeňip, ýurtdan kowup çykaryp bilerin. Çünki seniň ýalkanyňyň ýalkanýandygyny, näletläniňiň bolsa näletlenýändigini men bilýärin» diýip habar iberdi.


Ýakuba hiç bir doga-jady täsir etmez, Ysraýylyň garşysyna täleý garanyň peýdasy ýokdur. Indi bolsa Ysraýyl we Ýakup hakda: „Gör, Hudaýyň eden zatlaryny!“ diýerler.


Soňra Bilgam Ballaga: «Sen bu ýerde öz ýakma gurbanlygyňyň ýanynda dur, men gideýin. Ähtimal, Reb maňa görner we Ol maňa näme diýse, men ony saňa ýetirerin» diýip, ol depä çykdy.


Hudaýyň näletlemedigini men nädip näletläýin? Rebbiň gargamadygyna men nähili gargaýyn?


Ysraýyl edil arslan deý, ene şir deý ýatar. Kim ony turuzmaga milt eder? Çünki Ysraýyly ýalkan ýalkanar, näletlän näletlener».


Pilat höküm kürsüsinde otyrka, aýaly oňa: «Ol dogry adam bilen işiň bolmasyn, sebäbi men geçen gije düýşümde Ol zerarly köp azaplar çekdim» diýip, habar ýollapdy.


Çünki Hudaý beren peşgeşlerini yzyna almaýar, Öz çakylygyny ýatyrmaýar.


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Mesih arkaly bizi gökdäki ruhy ýalkanyşlaryň ählisi bilen ýalkady.


Hudaýyňyz Reb, hakykatdan-da, siziň her bir tutan işiňize bereket berdi. Siziň bu ummasyz çölüň içi bilen barýandygyňyzy Ol bilýärdi. Şol geçen kyrk ýylyň içinde, Hudaýyňyz Reb siziň bilen bile boldy. Siz hiç zada zar bolmadyňyz.


Emma Hudaýyňyz Reb Bilgamy diňlemekden ýüz öwrüpdi. Ol sizi söýensoň, şol näleti alkyşa öwrüpdi.


Nirä gitseňiz hem, näme etseňizem bereketli bolarsyňyz.


Sen nähili bagtly, eý Ysraýyl! Seniň ýaly barmy başga? Sen Rebbiň halas eden halkysyň! Reb seni goraýan galkandyr, şanly gylyçdyr! Duşmanlaryň saňa ýaranjaňlyk ederler, sen olaryň arkasyndan basarsyň».


Halklaryň içinde iň ýalkanany siz bolarsyňyz. Siziň araňyzda nesilsiz erkek ýa-da önelgesiz aýal, gysyr mal bolmaz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan