Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 22:11 - Mukaddes Kitap

11 „Müsürden bir halk çykyp, bütin ýer ýüzüne ýaýrady. Sen gel-de, meniň haýryma olary näletle, belki şondan soň men olaryň garşysyna söweşip bilerin we kowup çykararyn“».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 „Мүсүрден бир халк чыкып, бүтин ер йүзүне яйрады. Сен гел-де, мениң хайрыма олары нәлетле, белки шондан соң мен оларың гаршысына сөвешип билерин ве ковуп чыкарарын“».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 22:11
8 Iomraidhean Croise  

Halklar saňa hyzmat etsinler, il-uluslar saňa boýun egsinler. Baştutan bol sen öz doganlaryňa, doganlaryň saňa boýun egsinler. Seni näletlän, näletlensin, seni ýalkan, ýalkansyn!»


Bilgam Hudaýa şeýle jogap berdi: «Mowap patyşasy Sipor ogly Ballak maňa şeýle habar iberdi:


Emma Hudaý Bilgama: «Sen bular bilen gitme! Bu halky näletleme, çünki ol halk ýalkanandyr!» diýdi.


Onsoň Ballak Bilgama: «Sen meni nädäýdiň? Duşmanlaryma nälet okasyn diýip, seni ýörite şu ýere getirtdim. Sen bolsa olara hiç zat etmän, gaýtam, olary ýalkaýarsyň!» diýdi.


Onsoň Bilgam Hudaýdan gelen aýanlygy habar berip, şeýle diýdi: «Mowap patyşasy Ballak meni gündogardaky daglardan, Siriýa ýurdundan getirip, şeýle diýdi: „Gel, meniň üçin Ýakuby näletle, gel-de, Ysraýyla garga!“


Onsoň Ballagyň kalbynda Bilgama garşy gazap ody tutaşdy. Ol ellerini şarpyldadyp, biri-birine urup, Bilgama şeýle diýdi: «Men seni duşmanlaryma nälet okatmak üçin çagyrypdym, sen bolsaň, eýýäm üç gezek olara ak pata berdiň.


Emma Men Bilgama gulak asmadym, şeýlelikde, ol ýene-de size ak pata berdi we Men sizi Ballagyň elinden halas etdim.


Piliştli Dawuda: «Üstüme taýakly geler ýaly, men näme itmi?» diýdi-de, öz hudaýlarynyň adyndan Dawuda gargady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan