Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 22:1 - Mukaddes Kitap

1 Ysraýyllar ýola düşüp, Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde düşlediler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Ысрайыллар ёла дүшүп, Иордан дерясының боюнда, Ерихоның гаршысында ерлешйән Мовап дүзлүгинде дүшледилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 22:1
14 Iomraidhean Croise  

Mowapda, ammonlaryň arasynda, Edomda we başga ýurtlarda ýaşaýan ähli ýahudalar-da Babyl patyşasynyň Ýahuda ýurdunda bir topary aman galdyrandygyny, olaryň üstlerinden Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany häkim belländigini eşitdiler.


Bamotdan bolsa çölüň üstüne abanyp duran Pisga dagynyň depesi bilen Mowap topragynda ýerleşýän jülgä çenli gitdiler.


Ysraýyl halky bu wagt Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde düşelge gurupdy. Musa bilen Elgazar ysraýyllara Rebbiň Musa buýruşy ýaly:


Onsoň olar ýesirleri, oljalaryny we talanyp alnan zatlary Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlügindäki düşelgede bolan Musa bilen ruhany Elgazara we ysraýyl halkyna getirdiler.


Biz olar bilen birlikde Iordanyň aňry gapdalyndan mülk ýer almarys, çünki biziň paýymyza Iordanyň bäri gapdaly, gündogar tarapy düşdi».


Bu iki tire we manaşa tiresiniň ýarysy özlerine mülki Iordanyň aňyrsyndan, Ýerihonyň gündogaryndan aldylar».


Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde Reb Musa şeýle diýdi:


Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde Rebbiň Musa arkaly ysraýyllara beren parzlardyr hökümleri şulardan ybaratdy.


Musa Iordanyň gündogarynda – Mowap ýurdundaka ysraýyllara şu kanuny beýan etmäge başlady:


Şeýdip, biz Iordanyň aňyrsynda amorlaryň iki hanynyň ýurduny basyp aldyk. Arnon jülgesinden Hermon dagyna çenli


Şundan soň, Musa Mowap düzlüginden Nebo dagyna, Ýerihonyň garşysyndaky Pisga depesine çykdy. Reb oňa şu ähli ýeri: Gilgatdan tä Dana çenli ýerleri,


Ysraýyllar Mowap düzlüginde otuz günläp Musanyň ýasyny tutdular. Musanyň ýas günleri sowuldy.


derýanyň akymy togtady. Onsoň suwlar olardan uzakdaky Saretanyň golaýynda ýerleşýän Adama galasynyň deňinde ýygnanyp, bir üýşmek bolup durdy. Şeýle hem, Araba deňzine, ýagny Öli deňze gelip guýýan suwlaryň akmasy bütinleý kesildi. Adamlar derýadan Ýeriho tarap geçdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan