Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 21:7 - Mukaddes Kitap

7 Halk Musanyň ýanyna gelip: «Rebbe we saňa dil ýetirip, biz günä iş etdik. Ýylanlary aramyzdan aýrar ýaly, Rebden dileg et» diýdiler. Musa halk üçin dileg etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Халк Мусаның янына гелип: «Реббе ве саңа дил етирип, биз гүнә иш этдик. Йыланлары арамыздан айрар ялы, Ребден дилег эт» дийдилер. Муса халк үчин дилег этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 21:7
30 Iomraidhean Croise  

Ybraýymyň aýaly Sara sebäpli Reb Abymelegiň köşgündäki aýallaryň ählisiniň ýatgysyny baglapdy. Ybraýym Hudaýa dileg etdi. Hudaý Abymelegiň özüni-de, aýalydyr gyrnaklaryny-da çaga dograrlary ýaly sagaltdy.


Indi bolsa sen aýaly öz adamsyna gaýtaryp ber, çünki onuň adamsy pygamberdir. Ol seniň üçin dileg eder. Şeýdip, sen diri galarsyň. Aýaly yzyna gaýtarmasaň, sen we seniň ähli adamlaryň hökman ölersiňiz».


Patyşa oňa: «Hudaýyň Rebden maňa rehim etmegini sorap, elimiň gutulmagy üçin dileg edäý» diýdi. Şeýdip, Hudaýyň adamy Ýarobgamyň eliniň gutulmagy üçin Rebbe dileg etdi. Onsoň patyşanyň eli gutulyp, öňki halyna geldi.


Ýehogahaz Rebbe ýalbardy, Reb hem ony eşitdi, çünki Reb Ysraýylyň çekýän sütemini, Siriýa patyşasynyň olara berýän ezýetini gördi.


Eýýup dostlary üçin dileg edenden soň, Reb oňa bar zatlaryny yzyna gaýtaryp berdi. Reb oňa öňküsinden iki esse köp zat berdi.


Şonuň üçin hem indi ýedi öküz bilen ýedi goçy alyň-da, gulum Eýýubyň ýanyna baryp, özüňiz üçin ýakma gurbanlygyny hödür ediň. Gulum Eýýup siziň üçin dileg eder. Men siz bilen akmaklygyňyza görä iş salyşmaryn, onuň dilegini kabul ederin, çünki siz Men barada hakykaty gulum Eýýup ýaly sözlemediňiz».


Deňizdäki gämilerde ýüzýänler, haýbatly suwlarda söwda edýänler


Şonuň üçin hem indi meniň günämi ötüň we bu nejis betbagtçylygyň menden aýrylmagyny sorap, ýene-de birje gezek Hudaýyňyz Rebbe dileg edäýiň» diýdi.


Emma Musa Hudaýy Rebbe ýalbaryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, näme üçin beýik güýjüň bilen we gudratly goluň bilen Müsür ýurdundan getiren bu halkyňa gahar edýäň?


Ertesi gün Musa halka: «Siz agyr günä gazandyňyz. Emma men häzir Rebbiň ýanyna çykaýyn, belki, sizi günäňizden sapladyp bilerin» diýdi.


Faraon oňa: «Men size çöle gidip, Hudaýyňyz Rebbe gurbanlyk bermäge rugsat edýärin, ýöne siz gaty uzaga gitmeli dälsiňiz. Meniň üçin Rebbe dileg edäý» diýdi.


Gurbagalar seniň üstüňe, seniň halkyňyň we ähli emeldarlaryňyň üstüne çykarlar’“».


Soňra faraon Musa bilen Haruny çagyryp, olara: «Menden we halkymdan gurbagalaryň aýrylyp gitmegini sorap, Rebbe dileg ediň. Men bolsa halkyňyzy Rebbe gurbanlyk bermäge goýbererin» diýdi.


Ýa Reb, hasrat içinde seni agtardylar, Senden temmi alanlarynda, pyşyrdap zordan dileg etdiler.


Soňra Reb maňa şeýle diýdi: «Hatda Musa bilen Şamuwel huzurymda durup ýalbarsalar-da, ýüregim bu halka tarap öwrülmez. Halkymy huzurymdan kow, goý, gitsin!


Sidkiýa patyşa Şelemýanyň ogly Ýehukalyny we Magaseýanyň ogly Sepanýa ruhanyny şeýle habar bilen Ýermeýa pygamberiň ýanyna iberdi: «Biziň üçin Hudaýymyz Rebbe ýalbarsana!»


Olar günälerini boýun alyp, Meniň huzurymy ýürekden agtarýançalar, hasratly ýagdaýda meni yzlaýançalar, Men öz mekanyma giderin».


Halk Musa perýat etdi, Musa-da Rebbe ýalbaryp dileg etdi. Ot söndi.


«Men bigünä kişä haýynlyk edip, günä gazandym» diýdi. Olar-da: «Bize näme, muňa özüň jogap berýäň» diýdiler.


Simun oňa: «Meniň üçin Rebbe doga ediň, aýdanlaryňyzyň hiç birine duçar bolmaýyn!» diýdi.


Eý, doganlar, ysraýyl halkynyň halas bolmagy meniň köňül küýsegimdir. Men bu hakda elmydama Hudaýa doga-dileg edýärin.


Rebbiň Haruna hem gaty gahary gelipdi. Ol ony-da ýok etmäge taýýardy. Emma men şol wagtyň özünde Harun üçin hem towakga etdim.


Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanynda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga-dileg ediň. Dogruçyl adamyň yhlasly dilegi güýçli we täsirlidir.


Şawul Şamuwele şeýle jogap berdi: «Men günä gazandym, çünki men Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirmedim, seniň sözüňi tutmadym. Sebäbi men halkdan gorkup, halkyň diýeni bilen boldum.


Soňra Şawul Şamuwele: «Men günä gazandym. Ýöne halkymyň ýaşulularynyň öňünde we Ysraýylyň arasynda meni ryswa etme. Hudaýyň Rebbe sežde etmegim üçin, gaýdanyňda bile gideli» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan