Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 21:4 - Mukaddes Kitap

4 Onsoň ysraýyllar Hor dagyndan göçüp, Edom ýurdunyň daşyndan aýlanyp ötmek üçin, Gyzyl deňziň ýoly bilen gitdiler. Emma ýolda halk sabyrsyzlyk etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Онсоң ысрайыллар Хор дагындан гөчүп, Эдом юрдуның дашындан айланып өтмек үчин, Гызыл деңзиң ёлы билен гитдилер. Эмма ёлда халк сабырсызлык этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 21:4
14 Iomraidhean Croise  

Onsoň Ýahuda patyşasy Ýehoşapat Ýoramdan: «Haýsy tarapdan hüjüm edeli?» diýip sorady. Ysraýyl patyşasy Ýoram: «Edom çölüniň ýoly bilen hüjüm ederis» diýip jogap berdi.


Musa bu sözleri ysraýyllara aýdyp berdi, emma olar göwnüçökgündikleri we rehimsiz ezilýändikleri sebäpli Musany diňlemediler.


Indi bolsa amalekler bilen kenganlaryň jülgelerde ýaşaýandyklary üçin, ertiriň özünde öwrülip, Gyzyl deňziň ýoly bilen çöle tarap ýola düşüň».


Musa Rebbiň buýruşy ýaly etdi. Ähli halkyň gözüniň alnynda olar Hor dagyna çykdylar.


Näme sebäpden Rebbiň özlerine beren ýurduna gitmezlikleri üçin, ysraýyllaryň ýüregine dowul saljak bolýarsyňyz?


Eşkol deresine çenli gidip, ýurdy synlanlaryndan soň, olar gelip, Rebbiň özlerine beren ýurduna girmezlikleri üçin, ysraýyllaryň ýüreklerine gorky salypdylar.


Ysraýyllar Hor dagyndan gaýdyp, Salmonada düşlediler.


Olar şägirtleri ruhlandyrdylar we olara imanda berk durmagy ündäp: «Hudaýyň Şalygyna girmegimiz üçin, biziň köp muşakgatlary başdan geçirmegimiz gerek» diýýärdiler.


Emma siz bolsa Gyzyl deňziň ýoly bilen yzyňyza, çöle tarap ýöriş ediň“ diýdi.


«Rebbiň maňa aýdyşy ýaly, biz Gyzyl deňziň ýoly bilen çöle tarap gaýtdyk we ençeme günläp Segir daglygynyň töwereginde aýlanyp gezdik».


Olar çölüň içi bilen Edom hem-de Mowap ýurdundan sowa geçdiler-de, Mowabyň gündogar araçäginde, Arnonyň aňyrsynda ýerleşdiler, emma Mowabyň meýdanynyň içine girmediler, çünki Arnon Mowabyň çägi bolup durýardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan