Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 21:34 - Mukaddes Kitap

34 Reb Musa: «Men Ogy, onuň ähli halkyny we ýurduny seniň eliňe berdim. Ondan gorkma. Heşbonda hanlyk süren amor hany Sihony ýok edişiň ýaly, Ogy hem ýok et» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

34 Реб Муса: «Мен Огы, онуң әхли халкыны ве юрдуны сениң элиңе бердим. Ондан горкма. Хешбонда ханлык сүрен амор ханы Сихоны ёк эдишиң ялы, Огы хем ёк эт» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 21:34
24 Iomraidhean Croise  

«Men piliştlileriň garşysyna çykaýynmy? Sen olary meniň elime berermiň?» diýip, Dawut Rebbe ýüz tutdy. Reb oňa: «Bar, piliştlileri şübhesiz seniň eliňe berjekdirin» diýdi.


Şol wagt bir pygamber ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna baryp, Reb saňa şeýle diýýär: «Bu ägirt uly goşuny görýärsiňmi? Şu gün Men ony seniň eliňe berýärin. Ana, şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň» diýdi.


Hudaýyň adamy Ysraýylyň patyşasynyň ýanyna gelip, Reb şeýle diýýär: «Siriýalylaryň: „Reb baýyr hudaýydyr, düz hudaýy däldir“ diýendikleri üçin, Men bu ägirt uly goşuny seniň eliňe berýärin. Ana, şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň» diýdi.


Bu zatlar Reb üçin gaty aňsatdyr. Ol Mowaby-da siziň eliňize berer.


Hudaýyňyz Men – Reb sag eliňizden tutaryn, size: „Gorkmaň, ýardam ederin“ diýýän Mendirin.


Ýöne siz Rebbiň garşysyna pitne turuzmaň we ol ýurduň ilatyndan gorkmaň. Çünki olar biziň höregimizdir, olaryň goragçysy olardan ýüz dönderdi, ýöne Reb biziň bilendir, olardan gorkmaň».


Rebbiň ysraýyl halky üçin basyp alan ýerleri mal bakmaga amatly ýerlerdir. Siziň gullaryňyzyň bolsa mal-garasy bar».


Emma Heşbonyň hany Sihon bize ýurdunyň üstünden geçmäge rugsat etmedi. Çünki Hudaýyňyz Reb şu günki görşüňiz ýaly, ony siziň eliňize bermek üçin, onuň kalbyny gatadyp, doňýürek etdi.


Ruhany olara şeýle diýsin: „Eý, ysraýyl halky, gulak goý! Bu gün siz duşmanlaryňyza garşy söweşe girýärsiňiz. Olardan gorkup, ýüregiňiz sarsmasyn, aljyrap, dowla düşmäň.


«Soňra biz Başan ýurduna tarap ýolumyzy dowam etdirdik. Başan hany Og söweşmek üçin, Edreýde ähli urşujylary bilen biziň garşymyza çykdy.


(Rapalardan ýeke-täk diri galan Başan hany Ogdy. Oguň tabydy gara daşdan bolup, tirsek ölçegi bilen onuň uzynlygy dokuz tirsek, ini hem dört tirsekdi. Ony ammonlaryň Raba galasynda şu günki gün hem görüp bolýar)».


Dözümli we mert boluň! Olardan gorkmaň, dowla düşmäň, sebäbi siziň bilen gitjek hut Hudaýyňyz Rebbiň Özüdir. Ol sizi hiç wagt ýeke taşlamaz, terk etmez».


Siz öz-özüňize: „Bu halklaryň sany biziňkiden köp, biz bulary nädip kowup çykararkak?“ diýip,


olardan gorkmaň. Diňe Hudaýyňyz Rebbiň faraony we tutuş Müsür halkyny näme edendigini hökman ýadyňyza salyň.


Olardan gorkmaň, çünki siziň araňyzdaky Hudaýyňyz Reb beýik we haýbatly Hudaýdyr.


Reb olaryň hanlaryny-da siziň eliňize berer, siz olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlaň. Olary ýok edýänçäňiz, hiç kim siziň öňüňizde durup bilmez.


Ýeşuwa ýene-de ol ýolbaşçylara: «Gorkmaň we dowla düşmäň! Dözümli we mert boluň! Çünki Reb siziň bilen söweşýän her bir duşmany şeýle etjekdir» diýdi.


Reb oňa: «Gorkma, ol hanlaryň ählisini Men seniň eliňe berdim. Olaryň hiç biri seniň öňüňde durup bilmez» diýdi.


siz bukudan çykyp, galany eýeläň. Çünki Hudaýyňyz Reb bu galany siziň eliňize berjekdir.


Ýeftah Rebbiň öňünde ant içip, şeýle diýdi: «Eger Sen ammonlylary meniň elime berseň,


Dawut ýene Rebbe ýüz tutdy. Reb oňa: «Hawa, Kegila git, piliştlileri seniň eliňe berjek» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan