Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 21:33 - Mukaddes Kitap

33 Soňra ysraýyllar Başan ýurduna tarap ýoluny dowam etdirdiler. Başan hany Og ysraýyllar bilen söweşmek üçin, Edreý galasynda ähli urşujylary bilen olaryň garşysyna çykdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

33 Соңра ысрайыллар Башан юрдуна тарап ёлуны довам этдирдилер. Башан ханы Ог ысрайыллар билен сөвешмек үчин, Эдрей галасында әхли уршуҗылары билен оларың гаршысына чыкды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 21:33
20 Iomraidhean Croise  

Güýçli eli, uzadan goly bilen, ysraýyllary Müsürden çykaran Oldur, Onuň söýgüsi baky.


Halas et, men batgalyga batmaýyn; meni ýigrenýänlerden, suwlaryň çuňlugyndan halas bolaýyn.


Olar nahar ýerine maňa öt berdi, suwsanymda sirke içirdi.


Ýurt ýas tutup, ruhdan düşýär, Liwan utançdan saralyp-solýar, Şaron Araba çöli kimindir; Başan we Karmel ýapraklaryny dökýär.


Kürekleriňi Başan dublaryndan etdiler; tagtalaryňy Kipr adasynyň serwi agajyndan ýasap, piliň dişi bilen bezediler.


Başanyň semiz haýwanlarynyň: goçlaryň, guzularyň, erkeçleriň we öküzleriň eti we gany ýaly, güýçli adamlaryň we dünýäniň hökümdarlarynyň etini iýersiňiz, ganyny içersiňiz.


Eý, Samariýa dagyndaky Başanyň mal heleýleri! Siz pukaralara sütem edip, mätäçleri ezýänler, ärleriňize: «Içmäge bir zat getir» diýýänler! Bu sözlere gulak salyň.


Musa gatlar bilen rubenlere we Ýusubyň nesli bolan manaşa tiresiniň ýarysyna amor hany Sihonyň ýurduny we Başanyň hany Oguň ýurduny, olaryň töweregindäki galalarydyr obalary bilen birlikde berdi.


Bu Musanyň Heşbonda höküm süren amorlaryň hany Sihony, şeýle hem, Aştarotda we Edreýde höküm süren Başan ýurduň hany Ogy ýeňenden soň boldy.


Emma Heşbonyň hany Sihon bize ýurdunyň üstünden geçmäge rugsat etmedi. Çünki Hudaýyňyz Reb şu günki görşüňiz ýaly, ony siziň eliňize bermek üçin, onuň kalbyny gatadyp, doňýürek etdi.


Bu ýere geleniňizde, Heşbonyň hany Sihon we Başan ýurdunyň hany Og biziň garşymyza söweşe çykdylar, emma biz olary derbi-dagyn etdik.


Sygyr ýagydyr goýnuň süýdi bilen, semiz goç-guzular bilen, Başan ýurduň öküzleridir erkeji bilen, iň saýlama bugdaý bilen bakdy. Üzümden edilen gyrmyzy şerapdan içirdi.


Olar Sihonyň ýurduny we Başan hany Oguň ýurduny, ýagny Iordanyň gündogaryndaky bu iki amor hanynyň ýurduny özlerine mülk edip aldylar.


Beýleki han Başan hany Ogdy. Ol Aştarotda we Edreýde ýaşap, rapalaryň iň soňkularynyň biridi.


Aştarotda we Edreýde hökümdarlyk eden Başan hany Oguň ähli hanlygy degişlidir (Og han rapalaryň iň soňkularynyň biridi). Musa bulary derbi-dagyn edip, ýerlerinden kowup çykarypdy.


Olaryň tutýan ýerleri Mahanaýym, tutuş Başan, Başan hany Oguň ähli hanlygy, Ýaýyryň ähli galalary – jemi altmyş gala;


Iordanyň gündogaryndaky iki amor hanyny – Heşbonyň Sihon hany bilen Aştarotda ýaşan Başanyň Og hanyny Onuň näme edendigini biz bilýäris.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan