Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 21:30 - Mukaddes Kitap

30 Şeýdip, biz olary ýer bilen ýegsan etdik. Heşbondan Dibona barýançak gyryldylar. Meýdeba uzalýan Nopa çenli olary ýok etdik».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

30 Шейдип, биз олары ер билен егсан этдик. Хешбондан Дибона барянчак гырылдылар. Мейдеба узалян Нопа ченли олары ёк этдик».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 21:30
13 Iomraidhean Croise  

Ýaýçylar gazap bilen hüjüm etdiler Ýusuba, ony atyp, yzyndan kowdular onuň.


Şonda ýaýçylar diwaryň üstünden seniň adamlaryňy oka tutdular; olaryň arasynda ölenleri hem boldy. Het halkyndan bolan guluňyz Uryýa hem şonda öldi».


Olar otuz iki müň sany söweş arabasyny we patyşa Magakany goşuny bilen hakyna tutdular. Olar gelip, Meýdebanyň öňünde harby düşelge gurdular. Ammonlylar hem öz galalaryndan ýygnanyşyp, söweşe çykdylar.


Öz bendäňi gora betpällik günälerinden, olar höküm sürmesin meniň üstümden; men aýypsyz bolaryn şonda, päk bolaryn güýçli bitabynlykdan.


Dibon halky aglamak üçin ybadathana, seždegählere çykýar; Mowap halky Nebo, Meýdeba üçin perýat edýär. Her kesiň başy takyrlanýar, her kesiň sakgaly syrylýar.


Dimonyň suwlary gandan doly, emma Men mundanam beterini getirerin Dimonyň başyna, Mowapdan gaçanlaryň, ýurduň aman galanlarynyň üstüne şir getirerin.


Eý, Dibon galasynda ýaşaýan halk, şan-şöhratdan düş-de, gurak ýerde otur, çünki Mowaby weýran ediji seniň üstüňe çozup, galalaryňy weýran eder.


Dibona, Nebo, Beýtdiblataýyma;


Şunlukda, ysraýyllar amorlaryň ýurdunda ornaşdylar.


«Atarot, Dibon, Ýazer, Nimra, Heşbon, Elgala, Sebam, Nebo we Begon ýaly


Onsoň gatlar Dibon, Atarot, Aroger,


Şeýle hem, Heşbon galasy we tekizlikdäki ähli galalar: Dibon, Bamotbagal we Beýtbagal-megon,


Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Arogerden başlap, şol jülgäniň ortasyndaky gala hem-de tutuş Meýdeba tekizliginden Dibona çenli bolan ýerler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan