Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 21:28 - Mukaddes Kitap

28 Çünki Heşbondan ot, Sihonyň galasyndan ýalyn çykdy. Mowabyň Ar galasyny ýalyn gurşady, Arnon depelerini-de, ýuwutdy ol.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

28 Чүнки Хешбондан от, Сихоның галасындан ялын чыкды. Мовабың Ар галасыны ялын гуршады, Арнон депелерини-де, ювутды ол.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 21:28
20 Iomraidhean Croise  

Munuň üçin Hökmürowan Taňry Reb, Aşuryň semizlerine horluk ýollar, Onuň şöhratynyň astynda ot ýalyny tutaşar.


Heşbon bilen Elgala nalyş edýär, sesleri Ýahasa çenli eşidilýär. Şonuň üçin Mowabyň esgerleri aglaşýar, gorkudan ýürekleri galdyraýar.


Mowaplylar seždegählerine çykyp, özlerini tapdan düşürýärler; öz mukaddes ýerlerine dileg etmäge gidýärler, ýöne bu hiç peýda bermez.


Muňa görä Sur diwaryna ot ýagdyraryn, ot onuň galalaryny ýakyp kül eder».


Şu sebäpden Teýmana ot ýagdyraryn, ot Bosranyň galalaryny ýakyp kül eder».


Söweş günündäki galmagaldan ýaňa, harasat günündäki tüweleý içinde Rabanyň diwaryna ot salaryn, ot galalaryny ýakyp kül eder.


Muňa görä Hazaýylyň köşgüne ot ýagdyraryn, ot Benhadadyň galalaryny ýakyp kül eder.


Muňa görä Gaza diwaryna ot ýagdyraryn, ot onuň galalaryny ýakyp kül eder.


Şu sebäpden Mowaba ot ýagdyraryn, ot Keriýodyň galalaryny ýakyp kül eder. Gygyryşmakdan we surnaý seslerinden ýaňa, Mowap halky söweş gykylygynyň içinde öler.


Şu sebäpden Ýahuda ot ýagdyraryn, ot Iýerusalimiň galalaryny ýakyp kül eder».


Bu hakda bagşylar şeýle diýýärler: «Heşbona geliň, goý, ol gurulsyn, goý, Sihon galasy dikeldilsin.


Ertesi gün Ballak Bilgamy alyp, ony Bamotbagala getirdi. Ol ýerden Bilgam ysraýyl halkynyň bir bölegini görüp bilýärdi.


„Bu gün siz Ar galasynda Mowabyň araçägini kesip geçersiňiz.


Reb maňa: „Mowaplara duşman gözi bilen garama ýa-da olar bilen urşa girme, çünki Ar galasyny Lutuň nesillerine mülk berendigim sebäpli, Men size olaryň ýerinden mülk edip, hiç zat berjek däl“ diýdi.


Tikenli agaç beýleki agaçlara bakyp: „Eger siz meniň, hakykatdan hem, özüňize patyşa bolmagymy isleýän bolsaňyz, onda meniň saýamda bukulyň. Eger şeýtmeseňiz, onda tikenli agaçdan ot çykyp, Liwanyň kedr agaçlaryny ýakyp-ýandyrar“ diýipdir.


Emma beýle etmedik bolsaňyz, onda, goý, Abymelekden ot çykyp, Şekemiň we Beýtmillonyň ilatyny ýaksyn. Şekemiň we Beýtmillonyň ilatyndan ot ýaýrap, Abymelegi köýdürsin».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan