Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 21:26 - Mukaddes Kitap

26 Heşbon galasy amorlaryň hany Sihonyň paýtagt galasydy. Sihon Mowabyň öňki hany bilen urşup, onuň Arnona çenli bolan ähli ýerlerini basyp alypdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

26 Хешбон галасы аморларың ханы Сихоның пайтагт галасыды. Сихон Мовабың өңки ханы билен уршуп, онуң Арнона ченли болан әхли ерлерини басып алыпды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 21:26
13 Iomraidhean Croise  

Ekiz jeren owlagyna ogşaýar iki göwsüň.


Boýnuň pil süňkünden edilen diň deý, gözleriň Batrabbim derwezesiniň ýanyndaky Heşbon howuzlary deý. Burnuň Damaska bakyp duran Liwan diňi deý.


Indi Mowaba öwgi aýdylmaz; Heşbonda oňa garşy dildüwşük gurdular: „Geliň, millet bolmaz ýaly, ony ýok edeliň“ diýdiler. Eý, Madmen, seniň sesiň gapylar, gylyç seni kowalar.


Mowap masgara boldy, ol derbi-dagyn edildi. Perýat et we agla! Mowabyň weýran bolandygyny Arnonda yglan et.


Gaçanlar Heşbon kölegesinde mejalsyz durdular. Çünki Heşbondan ot, Sihon galasynyň ortasyndan ýalyn çykyp, mowaplylaryň maňlaýyny, pitneçileriň süýr depesini ýakyp ýandyrar.


Ysraýyllar amorlaryň galalarynyň hemmesini basyp aldylar. Olar amorlaryň ähli galalarynda, hatda Heşbonda we onuň ähli obalarynda ornaşdylar.


Bu hakda bagşylar şeýle diýýärler: «Heşbona geliň, goý, ol gurulsyn, goý, Sihon galasy dikeldilsin.


Bu Musanyň Heşbonda höküm süren amorlaryň hany Sihony, şeýle hem, Aştarotda we Edreýde höküm süren Başan ýurduň hany Ogy ýeňenden soň boldy.


Olaryň ýeriniň tutýan meýdany Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Arogerden, jülgäniň ortasyndaky galadan we bütin Meýdeba tekizliginden ybaratdyr.


Şeýle hem, Heşbon galasy we tekizlikdäki ähli galalar: Dibon, Bamotbagal we Beýtbagal-megon,


Ýazer galasy, Gilgadyň ähli galalary we ammonlaryň ýurdunyň ýarysy, Rabanyň gündogaryndaky Arogere çenli;


Heşbon, Ýazer galalary öri meýdanlary bilen bile berildi. Bular jemi dört galadyr.


Ysraýyllar eýýäm üç ýüz ýyl bäri Heşbonda we oňa degişli obalarda, Arogerde we oňa degişli obalarda hem-de Arnona ýakyn ähli galalarda ýaşap gelýärler. Siz näme üçin şonça wagtlap ol galalary eýelemediňiz?


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan