Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 21:24 - Mukaddes Kitap

24 Ysraýyllar Sihony gylyçdan geçirip, onuň Arnondan Ýaboga çenli, tä Ammonyň serhedine çenli bolan ýerleriniň baryny eýelediler. Ammonyň serhedi bolsa güýçli goralýardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

24 Ысрайыллар Сихоны гылычдан гечирип, онуң Арнондан Ябога ченли, тә Аммоның серхедине ченли болан ерлериниң барыны эеледилер. Аммоның серхеди болса гүйчли горалярды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 21:24
24 Iomraidhean Croise  

Şol gije Ýakup turup, iki aýalyny, iki gyrnagyny hem-de on bir çagasyny alyp, Ýabok derýasynyň güzerinden geçdi.


Olara patyşalyklary, halklary berip, her bir künjegi deň paýladyň. Şeýdip, olar Heşbon patyşasy Sihonyň ýurduny we Başan patyşasy Oguň ýurduny eýelediler.


Men bolsa Ysraýylyň öňünden amorlary ýok etdim. Boýlary kedr agajy deý uzyn, dub agajy kimin güýçli bolsa-da, olaryň ýokardan miwesini, aşakdan köküni gyrdym.


Ol ýerden hem göçüp, Arnon jülgesiniň aňyrsynda, amorlaryň serhedinden bäri ýaýylyp ýatan çöllükde düşlediler. Arnon jülgesi Mowap bilen Amoryň arasyndan geçýän Mowabyň serhedi bolup hyzmat edýärdi.


Bu Musanyň Heşbonda höküm süren amorlaryň hany Sihony, şeýle hem, Aştarotda we Edreýde höküm süren Başan ýurduň hany Ogy ýeňenden soň boldy.


Bu ýere geleniňizde, Heşbonyň hany Sihon we Başan ýurdunyň hany Og biziň garşymyza söweşe çykdylar, emma biz olary derbi-dagyn etdik.


Emma ruben we gat tirelerine Gilgat bilen Arnon jülgesiniň aralygyndaky ýerleri berdim. Jülgäniň ortasy olaryň günorta araçägi bolup, olaryň demirgazyk araçägi bolsa ammonlaryň araçägi bolan Ýabok derýasydyr.


Reb amorlaryň hany Sihon bilen Ogy öldürip, olaryň ýurduny weýran edişi ýaly, bu halklary hem şeýle eder.


Ol bulary Iordanyň gündogarynda, Beýtpegoryň garşysyndaky jülgede, ýagny Heşbonda höküm süren amorlaryň hany Sihonyň ýurdunda aýtdy. Musa bilen ysraýyllar Müsürden çykanlaryndan soň amorlary derbi-dagyn etdiler.


Aştarotda we Edreýde hökümdarlyk eden Başan hany Oguň ähli hanlygy degişlidir (Og han rapalaryň iň soňkularynyň biridi). Musa bulary derbi-dagyn edip, ýerlerinden kowup çykarypdy.


Şeýdip, Men sizi Iordanyň gündogarynda ýaşaýan amorlaryň ýerine getirdim. Olar siziň garşyňyza uruşdylar, emma Men olary siziň eliňize berdim. Men olary siziň öňüňizde gyryp taşladym we siz olaryň ýerlerini özüňize mülk aldyňyz.


Iordanyň gündogaryndaky iki amor hanyny – Heşbonyň Sihon hany bilen Aştarotda ýaşan Başanyň Og hanyny Onuň näme edendigini biz bilýäris.


Reb ysraýyllara şeýle diýdi: «Sizi müsürlileriň hem, amorlaryň hem, ammonlylaryň hem, piliştlileriň hem elinden azat eden Men dälmi?


Ammon patyşasy Ýeftahyň ilçilerine şeýle jogap berdi: «Ysraýyllar Müsürden gaýdyp gelýärkäler, Arnondan Ýabok we Iordan derýalaryna çenli aralykdaky ýerlerimi meniň elimden aldylar; şol ýerleri maňa uruşsyz gaýdyp ber».


Mispadaky Rebbiň huzurynda bolan ýygnanyşyga Ysraýyl neslinden gelmedik barmy?» diýişdiler. Ýygnanyşyga Gilgatdaky Ýabeşden adam gelmändir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan