Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 20:8 - Mukaddes Kitap

8 «Hasany al we doganyň Harun bilen halky ýygna. Onsoň olaryň gözüniň alnynda gaýa: „Suw ber!“ diýip buýruk ber. Şeýdip, halka gaýadan suw çykaryp berersiň we olaryň mallaryny suwa ýakarsyň».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 «Хасаны ал ве доганың Харун билен халкы йыгна. Онсоң оларың гөзүниң алнында гая: „Сув бер!“ дийип буйрук бер. Шейдип, халка гаядан сув чыкарып берерсиң ве оларың малларыны сува якарсың».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 20:8
31 Iomraidhean Croise  

«Rebbiň başarmajak zady barmy?! Bellenen wagtda, indiki ýyl şu wagtlar ýanyňa dolanyp gelenimde, Saranyň bir ogly bolar» diýdi.


Ajyganlarynda, gökden çörek inderdiň, suwsanlarynda, gaýadan suw çykardyň. Berjek diýip wada eden ýurduňy gidip eýelemegi Sen olara emr etdiň.


Olary milletleriň eline berdi, olary ýigrenýärler üstlerinden agalyk sürdi.


Sen ölümden halas etdiň janymy, gözýaşlardan – meniň gözümi, büdremekden – aýaklarymy.


Dadyp görüň Reb ýagşylygyny, Ony pena edinýän nähili bagtly!


Sen eliňdäki hasaňy uzat-da, deňziň suwuna ur. Deňziň suwy ikä bölüner we ysraýyllar şol gury ýer bilen ýöräp, deňizden geçerler.


Musa Ýeşuwa: «Biziň üçin adamlar saýla we git-de amalekler bilen uruş. Ertir men elime Hudaýyň hasasyny alyp, depäniň üstünde duraryn» diýdi.


Alamatlary görkezer ýaly, sen bu hasany hem öz ýanyň bilen al» diýdi.


Reb Musadan: «Eliňdäki näme?» diýip sorady. Ol hem: «Hasa» diýdi.


Şeýlelikde, Musa aýalyny we ogullaryny eşege mündürip, yzyna, Müsür ýurduna gaýtdy. Ol öz ýany bilen keramatly hasany hem aldy.


Musa bilen Harun Rebbiň buýruşy ýaly etdiler. Harun faraonyň we onuň emeldarlarynyň öňünde hasasyny uzadyp, Nil derýasynyň suwuna urdy, Nil derýasynyň tutuş suwy gana öwrüldi.


Ýabany haýwanlar, şagallardyr düýeguşlar Meni hormatlarlar. Men Öz saýlan halkymy gandyrmak üçin çölde suwlar, sährada derýalar bilen üpjün etdim.


Çölleriň içi bilen äkidilende-de, suwsamandy olar, olar üçin gaýadan suw akdyrdy; Ol gaýany ýardy, suw çogup çykdy ondan.


Soňra Musa elini ýokary galdyryp, hasasy bilen gaýany iki gezek urdy welin, gaýadan şaglap, suw akyp başlady. Bütin halk we olaryň mallary suwdan gandylar.


Reb Musa şeýle diýdi:


Patyşalyk hasasy bilen, soltanlyk naýzasy bilen, baştutanlaryň açdy bu guýyny, halk şazadalary gazdy bu guýyny». Olar çöllükden Matana çenli,


Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, imanyňyz bolup, şübhe etmeseňiz, siz diňe bu injir agajyna edilen bilen çäklenmän, eýsem, şu daga: „Göteril-de, deňze zyňyl“ diýseňiz-de, ol bolar.


Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere Mukaddes Ruhy has-da köp bermezmi?»


Şu wagta çenli siz Meniň adymdan hiç zat dilemediňiz. Diläň, alarsyňyz, şatlygyňyz dolup-daşar.


Olaryň hemmesi bir ýere üýşüp, yzyny üzmän doga-dileg edýärdiler. Olaryň arasynda Isanyň ejesi Merýem, şeýle-de käbir aýallar we Isanyň inileri hem bardy.


Şunlukda, olar galadaky hemme erkekdir aýallary, ýaşu-garrylary, şeýle hem mal-garalary, goýunlary, eşekleri gylyçdan geçirip bütinleý ýok etdiler.


Ýeşuwa ruhanylary çagyryp, olara: «Rebbiň Äht sandygyny göteriň, ýedi sany ruhany bolsa goçuň şahyndan edilen ýedi surnaýy göterip, Rebbiň Äht sandygynyň öňünden ýöresin» diýdi.


Soňra perişde maňa aýna ýaly ýalpyldaýan derýany görkezdi. Bu derýada ýaşaýyş suwy akýardy. Ol Hudaýyň we Guzynyň tagtyndan çykyp gaýdýardy.


Mukaddes Ruh we Gelinlik «Gel!» diýýärler. Eşidýän her kes hem «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Kim öz teşneligini gandyrmak islese, goý, ýaşaýyş suwundan mugt içsin!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan