Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 20:5 - Mukaddes Kitap

5 Näme üçin siz bizi bu ýowuz ýere Müsürden alyp gaýtdyňyz? Bu ýerde ne ekin, ne injir, ne üzüm, ne-de nar biter, munda hatda içmäge suwam ýok ahyryn!»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Нәме үчин сиз бизи бу ёвуз ере Мүсүрден алып гайтдыңыз? Бу ерде не экин, не инҗир, не үзүм, не-де нар битер, мунда хатда ичмәге сувам ёк ахырын!»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 20:5
8 Iomraidhean Croise  

Olary kyrk ýyllap çölde eklediň, hiç zada zar etmediň. Olaryň eşikleri könelmedi, aýaklary gabarmady.


«Git-de, şulary Iýerusalim halkyna jar et. Reb şeýle diýýär diý: „Men seniň ýaşlygyňdaky wepaňy, gelin wagtyňdaky söýgiňi ýatlaýan, çölde – ekin bitmeýän ýerde, Meniň yzyma eýerişiňi ýatlaýan.


Olar: ‘Bizi Müsürden çykaran, çölde, çukurlykda hem çolalykda, gurak hem tüm garaňkylykda, hiç kimiň aýak basmadyk, hiç kimiň ýaşamadyk ýerinde bize ýol görkezen Reb nirede?’ diýip soramadylar.


Müsür çölünde ata-babalaryňyza nähili höküm çykaran bolsam, size hem şeýle höküm çykararyn. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Bizi süýt we bal akýan ýurda getirmedigiň-ä belli, ýa bolmasa bize meýdanlary, üzümçilikleri mülk edip bermediň. Bu adamlaryň näme gözüni çykarjakmy? Biz barjak däl».


«Harunyň ölüp, öz ata-babalaryna gowuşmaly wagty ýetdi. Ol ysraýyllara wada beren ýurduma girmez, sebäbi siz Meriba çeşmesiniň ýanynda Meniň buýrugyma boýun egmändiňiz.


Çünki siz ikiňiz Sin çölünde halk Meniň garşyma baş göterende, Meniň emrime garşy çykdyňyz. Çeşmäniň boýunda, olaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesdigimi ykrar etmediňiz». (Bu Sin çölündäki Kadeşiň golaýynda ýerleşýän Meriba çeşmesidir.)


Beýik we elhenç çöllügiň içi bilen, zäherli ýylanly we içýanly gurak, tozap ýatan ýerlerden sizi Ol alyp geçdi. Kert gaýadan siziň üçin Ol suw çykardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan