29 Harunyň ölendigini gören bütin ysraýyl halky otuz günläp onuň üçin ýas tutdy.
29 Харуның өлендигини гөрен бүтин ысрайыл халкы отуз гүнләп онуң үчин яс тутды.
Hudaý gury ýeri ýer, bir ýere jemlenen suwlary bolsa deňiz diýip atlandyrdy. Hudaý munuň gowudygyny gördi.
Hudaý ýagtylygy gündiz, tümlügi bolsa gije diýip atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu ilkinji gündi.
Sara Kengan ýurdundaky Kirýatarbada, ýagny Hebronda dünýäden ötdi. Ybraýym Sara üçin matam tutup, ýas baglamaga geldi.
Iordan derýasynyň gündogaryndaky Atat harmany diýen ýere ýetenlerinde, olar ses edip aglaşdylar. Ýusup kakasy üçin ýedi günläp ýas tutdy.
Bu iş kyrk güne çekdi, çünki mumyýalamak şonça wagty talap edýärdi. Müsürliler ýetmiş günläp Ysraýylyň ýasyny tutdular.
Emma takwa adamlar Stefany jaýlap, onuň üçin çuňňur ýas tutdular.
Ysraýyllar Mowap düzlüginde otuz günläp Musanyň ýasyny tutdular. Musanyň ýas günleri sowuldy.
Şamuwel aradan çykdy; bütin Ysraýyl ýygnanyp, onuň ýasyny tutdy. Ony Ramadaky öz mülkünde jaýladylar. Şondan soň Dawut Paran çölüne gitdi.