Soňra Musa Haruna we onuň ogullary Elgazar bilen Ytamara şeýle diýdi: «Saçlaryňyz daralmadyk bolmasyn, ýas baglap, ýakaňyzy ýyrtmaň. Eger siz şularyň birini etseňiz, ölersiňiz we Rebbiň gazaby bütin halkyň başyndan iner. Emma siziň garyndaşlaryňyz we bütin ysraýyl halky Rebbiň ot üsti bilen ýok edenleri üçin ýas tutup bilerler.