Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 20:24 - Mukaddes Kitap

24 «Harunyň ölüp, öz ata-babalaryna gowuşmaly wagty ýetdi. Ol ysraýyllara wada beren ýurduma girmez, sebäbi siz Meriba çeşmesiniň ýanynda Meniň buýrugyma boýun egmändiňiz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

24 «Харуның өлүп, өз ата-бабаларына говушмалы вагты етди. Ол ысрайыллара вада берен юрдума гирмез, себәби сиз Мериба чешмесиниң янында Мениң буйругыма боюн эгмәндиңиз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 20:24
18 Iomraidhean Croise  

Sen bolsa uzak ýaşarsyň, asudalykda ölüp, ata-babalaryňa gowşarsyň.


Ysmaýyl ýüz otuz ýedi ýyl ömür sürüp, dünýäden ötdi we ata-babalaryna gowuşdy.


Ol garrap dünýäden ötüp, ata-babalaryna gowuşdy. Ogullary Ysaw bilen Ýakup ony jaýlady.


Soňra Ýakup ogullaryna şeýle tabşyryk berdi: «Indi meniň ölüp, ata-babalaryma gowuşmaly pursadym golaýlap gelýär. Meni Kengan ýurdunda ýerleşýän, Mamräniň gündogaryndaky Makpela mülkündäki gowakda jaýlaň. Ybraýym bu gowagy we mülki gonamçylyk etmek üçin Epron hetden satyn alypdy.


Ýakup ogullaryna tabşyryk berip bolandan soň, aýagyny düşegine ýygnap, dünýäden ötdi we ata-babalaryna gowuşdy.


Men seni atalaryň ýanyna ýygnaryn, sen-de asudalyk bilen öz gabryňa girersiň. Meniň bu ýere getirjek betbagtçylygymy sen görmersiň“». Olar bu habary patyşa ýetirdiler.


Ysraýyllar: «Reb biziň aramyzdamy ýa-da ýok?» diýip dawalaşyp, Rebbi synadylar. Şol sebäpli Musa ol ýeri Masa we Meriba diýip atlandyrdy.


Harunyň egninden ruhanylyk lybaslaryny çykaryp, olary ogly Elgazara geýdir. Harun bolsa şol ýerde ölüp, öz ata-babalaryna gowşar».


Näme üçin siz bizi bu ýowuz ýere Müsürden alyp gaýtdyňyz? Bu ýerde ne ekin, ne injir, ne üzüm, ne-de nar biter, munda hatda içmäge suwam ýok ahyryn!»


Ony synlanyňdan soň, sen hem doganyň Harun ýaly, öz ata-babalaryňa gowşarsyň.


«Ysraýyllara garşy eden işi üçin midýanlaryň jezasyny ber. Soňra amanadyňy tabşyryp, öz ata-babalaryňa gowşarsyň» diýdi.


Ýük daşamagy we başga işleri – ähli hyzmatlary gerşonlar Harunyň we onuň ogullarynyň buýrugy esasynda bitirsinler. Göterýän zatlaryny goramaklyga olary borçly ediň.


Agaň Harunyň Hor dagynda ölüp, öz halkyna gowşuşy ýaly, sen hem şol çykan dagyňda ölüp, ata-babalaryňa gowşarsyň.


Lewi hakda şeýle diýdi: «Ýa Reb, Tummymyňy Lewä, Urymyňy sadyk guluňa ber. Ony Masada synadyň, Meriba çeşmesinde söweşdiň.


we olara şeýle diýdi: «Rebbiň bu ýurdy size berendigini men bilýärin. Bizi gorky gurşap aldy we bu ýeriň ähli ilaty siz sebäpli dowla düşdi.


Şeýlelik bilen, tutuş bir nesil dünýäden ötdi we bu öňki nesliň deregine Rebbi bilmeýän we Onuň Ysraýyl üçin eden işlerinden habarsyz başga bir nesil kemala geldi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan