Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 20:21 - Mukaddes Kitap

21 Edomlylar geçmäge ýol bermänsoňlar, ysraýyllar ol ýerden sowlup geçdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

21 Эдомлылар гечмәге ёл бермәнсоңлар, ысрайыллар ол ерден совлуп гечдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 20:21
10 Iomraidhean Croise  

Ine, indi ammonlylar, mowaplylar we Segir dagynyň ilaty, bize miras beren ýurduňdan bizi kowup çykarmakçy bolýarlar. Müsürden çykyp gelýärkäler, ysraýyl halkyna Sen bu milletleriň üstüne çozup girmäge ýol bermediň, ysraýyllar hem yzyna dönüp, olary ýok etmediler.


Emma Sihon öz ýurdunyň içinden geçip gitmäge ysraýyllara rugsat bermedi. Ol bütin goşunyny ýygnap, ysraýyllaryň garşysyna çöle çykdy we Ýahasa gelip, olar bilen söweşe girdi.


Onsoň ysraýyllar Hor dagyndan göçüp, Edom ýurdunyň daşyndan aýlanyp ötmek üçin, Gyzyl deňziň ýoly bilen gitdiler. Emma ýolda halk sabyrsyzlyk etdi.


„Maňa öz ýurduňyň üstünden geçmäge rugsat et. Diňe ýoldan ýöräýin, saga hem, çepe hem sowulmaýyn.


Segirde ýaşaýan Ysawyň nesilleri ýaly we Arda ýaşaýan mowaplar ýaly, sen hem maňa Iordandan geçip, Hudaýymyz Rebbiň bize berýän ýurduna ýetmek üçin öz ýurduňyň üstünden geçmäge rugsat et“.


Edomlaryň hijisini ýigrenmäň, çünki olar siziň garyndaşlaryňyzdyr. Müsürlileriň hem hijisini ýigrenmäň, çünki siz olaryň ýurdunda gelmişek bolup ýaşadyňyz.


Soňra olar: „Ýurduňyň içinden geçmäge bize rugsat et“ diýen haýyş bilen Edom patyşasyna öz ilçilerini iberdiler, emma Edom patyşasy diňlemedi. Ysraýyllar Mowap patyşasynyň ýanyna hem ilçiler ýolladylar, emma ol hem razy bolmady. Şoňa görä ysraýyllar Kadeşde galdylar.


Olar çölüň içi bilen Edom hem-de Mowap ýurdundan sowa geçdiler-de, Mowabyň gündogar araçäginde, Arnonyň aňyrsynda ýerleşdiler, emma Mowabyň meýdanynyň içine girmediler, çünki Arnon Mowabyň çägi bolup durýardy.


Sen öz hudaýyň Kemoşyň özüňe beren ýeriniň üstünden eýelik edeňokmy näme? Biz hem Hudaýymyz Rebbiň biziň bähbidimiz üçin basyp alan ýerine eýelik edýäris.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan