Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 20:2 - Mukaddes Kitap

2 Olaryň düşlän ýerinde suw ýokdy, onsoň jemagat Musa bilen Harunyň garşysyna toplandy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Оларың дүшлән еринде сув ёкды, онсоң җемагат Муса билен Харуның гаршысына топланды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 20:2
14 Iomraidhean Croise  

Olar halk jemagatynda Ony beýgeltsin, ýaşulular mejlisinde Ony şöhratlandyrsyn.


«Men ysraýyllaryň nalyşyny eşitdim. Olara aýt: agşamyna et iýersiňiz, ertirine bolsa çörekden doýarsyňyz. Şonda siz Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz».


Çölde ähli ysraýyl halky Musa we Haruna igenmäge başlady.


Irden bolsa siz Rebbiň şöhratyny görersiňiz, sebäbi Reb siziň Özüne garşy edýän zeýrençleriňizi eşitdi. Bizden nalar ýaly, biz kim bolupdyrys?» diýdiler.


Bütin ysraýyl halky Musa bilen Harundan zeýrenişip, şeýle diýdi: «Biz Müsür ýurdunda ýa-da bu çöllükde ölen bolsak, mundan gowy bolardy!


Ýöne siz Rebbiň garşysyna pitne turuzmaň we ol ýurduň ilatyndan gorkmaň. Çünki olar biziň höregimizdir, olaryň goragçysy olardan ýüz dönderdi, ýöne Reb biziň bilendir, olardan gorkmaň».


Soňra Kora Musa bilen Harunyň garşysyna çykmak üçin, bütin jemagaty Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine ýygnady, şonda bütin jemagata Rebbiň şöhraty göründi.


Olar Musa bilen Harunyň garşysyna ýygnanyp: «Siz juda öte geçdiňiz! Bütin halk, her bir kişi mukaddesdir, Reb hem olaryň arasyndadyr. Şonda-da siz özüňizi näme üçin Rebbiň jemagatyndan ýokary tutýarsyňyz?» diýdiler.


Jemagat olara garşy toplananda, Musa bilen Harun Rebbe ýüz tutulýan çadyra tarap öwrüldiler. Ine, görseler, ony bulut büräp, Rebbiň şöhraty göründi.


Olar Hudaýyň we Musanyň garşysyna: «Bizi Müsürden çölde gyrylmagymyz üçin alyp gaýtdyňyzmy? Bu ýerde ne çörek, ne-de suw bar. Bu tagamsyz iýmitden-de halys irdik» diýdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan