Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 20:16 - Mukaddes Kitap

16 Biz Rebbe dady-perýat etdik. Ol biziň sesimizi eşitdi we Öz perişdesini iberip, bizi Müsürden çykardy. Ine, indi biz Kadeşde – siziň serhediňize golaý şäherçede durus.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 Биз Реббе дады-перят этдик. Ол бизиң сесимизи эшитди ве Өз перишдесини иберип, бизи Мүсүрден чыкарды. Ине, инди биз Кадешде – сизиң серхедиңизе голай шәхерчеде дурус.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 20:16
14 Iomraidhean Croise  

Faraon olara ýakyn gelende, ine, birdenkä öz yzlaryndan müsürlileriň kowup gelýändiklerine ysraýyllaryň gözi düşdi. Olar gaty gorkdular we Rebbe perýat etdiler.


Şundan soň, Ysraýyl goşunynyň öňünden ýöreýän Hudaýyň perişdesi olaryň yzyna geçdi. Olaryň öňünden süýşüp barýan bulut sütüni hem olaryň arka tarapyna geçip,


«Sizi ýolda gorar ýaly we taýýarlan ýerime getirer ýaly, Men siziň öňüňizden perişde iberýärin.


Men siziň öňüňizden perişde ibererin we kenganlary, amorlary, hetleri, perizleri, hiwileri we ýabuslary kowup çykararyn.


Şeýle hem, Men ysraýyllaryň Müsürde gulçulykdan ýaňa ezilýändikleri sebäpli edýän ahy-nalasyny eşitdim we Öz eden ähtimi ýatladym.


Meniň Hudaýym perişdesini iberip, ýolbarslaryň agzyny baglady. Olar maňa zeper ýetirmediler, çünki Hudaýyň huzurynda men bigünä saýyldym. Seniň öňüňde hem, eý, şahym, men hiç bir şer iş eden däldirin».


Atalarymyz Müsüre gitdiler we ol ýerde uzak wagtlap ýaşadylar. Müsürliler bizi we atalarymyzy ezdiler.


«Bize ýurduňyzyň içinden geçip gitmäge rugsat ber. Biz ekinleriň ýa üzümçilikleriň içine sowulmarys ýa-da guýularyňyzdan suw içmeris. Biz tä siziň ýurduňyzdan çykýançak, diňe şaýoldan ýöräris».


Kadeşden çykyp gelip, Edomyň serhedindäki Hor dagynda düşlediler.


Hudaýyňyz Rebbiň Müsürde gözüňiziň alnynda siziň üçin eden işleri ýaly iş edip, başga haýsy hudaý özi üçin bir halky bela-beterler, alamatlar, mugjyza, uruş, güýç-gudrat, äpet elhençlikler bilen başga halkyň arasyndan alyp çykdy?


Ol ata-babalaryňyzy söýýändigi sebäpli, olaryň özlerinden soňky nesillerini saýlady. Ol sizi hut Özüniň beýik güýji bilen Müsürden alyp çykdy.


Bije atyşykda ýahuda tiresiniň uruglarynyň paýyna şu aşakdaky ýerler düşdi: günortada olaryň meýdany Edomyň araçägi bilen, günorta Sin çöllügine çenli baryp ýetýär.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan